Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa Liwiýanyň oppozisiýasyna 100 million ýewro karz bermekçi


Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle liwiýaly gozgalaňçylara Germaniýanyň gyssagly kömek berjekdigini aýtdy. Ol şeýle çykyş etdi: “Milli geçiş geňeşi duşenbe güni Bengazide Germaniýa bilen kredit ylalaşygyna gol çekişdi. 100 million ýewro möçberindäki karz german hökümeti tarapyndan ýakyn günlerde berlip bilner. Häzir Milli geçiş geneşiniň gumanitar tagallalaryny we infrastruktaryny dikeltmek boýunça işlerini dowam etdirmegi aýratyn möhüm”.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň resmi wekili Wiktoriýa Nuland ABŞ-da doňdurylan bir milliarddan bir ýarym milliarda çenli liwiýa maliýe serişdelerine gadaganlygy aýyrmak meselesine gyssagly suratda seredilýändigini aýtdy. Ol şeýle diýdi: “Munuň üçin bize BMG-niň halkara sanksiýalar boýunça komitetiniň goldawyny almak zerur. Biz şol pullary gumanitar hajatlara, berk we durnukly hökümet gurmaga hem özleriniň saýlap alan ýoluny dowam etdirmäge harçlamagy üçin Liwiýanyň Milli geçiş geňeşine gaýdyp bermek isleýäris”.
XS
SM
MD
LG