Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafi gizlenip ýör


Bab al-Aziziýa berkitmesinden tüsse çykýar, 24-nji awgust.
Bab al-Aziziýa berkitmesinden tüsse çykýar, 24-nji awgust.
Sişenbe güni Liwiýanyň gozgalaňçylary paýtagtda Bab al-Aziziýa berkitmesini eýelediler. Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafi bolsa henizem erjelligini dowam edýär. Ol özüniň tarapdarlaryna ýüzlenip, Tripolide “dönükleri we alakalary ýok etmäge” çagyrdy.

Kaddafi: “Tripoliniň içindäki we daşyndaky ähli taýpalar, ýaşlardyr-garrylar, aýallar hem erkekler, şeýle-de ýaragly toparlar Tripolä we onuň eteklerine hüjüm edip, ol ýerdäki dönükleri we alakalary çykarmalydyrlar. Gozgalaňçylar sizi gyrgyna berip, jesetleriňizi wejera ederler” diýip, tekrarlady.

Kaddafiniň bu audio ýazgysyny çarşenbe güni ýerli ”Al Rai” telewizion stansiýasy berdi. Kaddafiniň sözlerine görä, ol sişenbe güni Tripoliniň köçelerine “ýaşyrynlykda”, özüni tanatman, aýlanypdyr. Ol “şäheri goramaga taýýar” ýaşlary görendgini hem aýdýar.

Liwiýanyň gozgalaňçylary Kaddafiniň berkitmesinde
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:49 0:00


“Tripoliniň içindäki we daşyndaky taýpalar, şol sanda hiç taýpa degişli bolmadyk Tripoliniň ýaşaýjylary, özleriniň regionalaryny we Tripolini arassalamalydyrlar” diýip, Kaddafi audio ýazgysynda nygtaýar.

Tripolidäki günbatar žurnalistleriniň maglumatyna görä, gozgalaňçylar Kaddafiniň berkitmesini eýeleseler-de, Kaddafiniň gizlenmäge entegem köp ýeri bar. Kaddafiniň režiminiň ozalky resmileriniň aýtmagyna görä, Bab al-Aziziýa berkitmesi şäheriň aşagyndan geçýän gizlin geçelgelere bagly bolup, bularyň kömegi bilen berkitmeden tiz gaçyp çykmaga mümkinçilik bar.

Başgalaryň gürrüň bermegine görä bolsa, berkitmäniň aşagynda gizlin şäher bar. Bu Tripolide urşuň gidýän halatynda-da Kaddafiniň howpsuz ýagdaýda galmagyna şert döredýär.

Liwiýanyň gozgalaňçylary Bab al-Aziziýa berkitmesinde, 24-nji awgust.
Liwiýanyň esasy iki möhüm şäheri – Kaddafiniň dogduk şäheri Sirte we paýtagtdan 650 km günortada ýerleşýän Sabha entegem Kaddafiniň tarapdarlarynyň kontrollygynda galýar.

Sabha şäherinde Liwiýanyň harby-howa güýçleriniň bazasy, şeýle-de başga möhüm harby obýektler ýerleşýär. Eger-de Kaddafi Sabha aşmagy başarsa, bu ýagdaýda onuň aňsatlyk bilen çölüň içinden Nigera ýa-da Çada aşyp bilmegi mümkin.

Sişenbe güni Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň lideri Mustafa Abdel Jalil çykyş edip, Sabhada çaknyşyklaryň gidýändigini aýtdy: “Tripolidäki oppozisiýa söweşijileri Kaddafiniň berkitmesini “gazaplylygyň köşgi” diýip atlandyrdylar. Olaryň aýtmagyna görä, häzir ol ýerde we ýurduň käbir beýleki ýerlerinde Kaddafiniň tarapdarlary garşylyk görkezýär. Ýöne, olaryň bellemegine görä, demokrtatik Liwiýanyň täze başlangyjy şu günden başlanar.
XS
SM
MD
LG