Sepleriň elýeterliligi

“Musulman doganlygynyň” lideri bilen söhbet


“Musulman doganlygynyň” başlygy Essam el-Erian

“Musulman doganlygynyň” başlygy Essam el-Erian

Müsürde geçjek parlament saýlawlarynda deputatlyk orunlaryň uly bölegini alar diýlip garaşylýan “Musulman doganlygynyň” başlygy Essam el-Erian bilen ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan häzirki ýagdaýy, Eýranyň ýadro programmasy we “Hamas” bilen gatnaşyk barada söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy tarapyndan alyp baran Jeýms Kirçik.

Azatlyk Radiosy: Ýurduň şu wagt ýüzbe-ýüz bolýan iň uly problemasy näme?

El-Erian: Meniň pikirimçe, hiç bir problema ýok. Problema sowuldy. Sebäbi iň uly problema Hosni Mubarek bilen onuň adamlaryndan dynmakdy. Häzir edilmeli iş ýurdy täze Müsüre öwürmek. Ähli müsürliler ýurdy täzeden gurmaga çagyrylýar.

Azatlyk Radiosy: Siz problema Mubarek we onuň adamlarydy diýýärsiňiz. Ýöne ýurdy häzir dolandyrýan harbylar. Işlere garaýan Mubaregiň ýaranlary.

El-Erian: Dogry. Sebäbi Mubaregiň režimi durmuşyň ähli aspektlerine, jemgyýetiň ähli sektorlaryna aralaşypdylar. Tutuş režimden dynyp bolanok. Ýöne Mubarekden, onuň adamlaryndan dynyp bolýar. Olar häzir türmede. Tutuş režimden dynmak üçin az-kem wagt gerek.

Azatlyk Radiosy: Siz Müsüri bir dini döwlet, resmi taýdan musulman döwlet etmek isleýärmisiňiz?

El-Erian: Müsüriň halky dindar ilat, jemgyýet. Gadym zamanlardan bäri, faraonlaryň döwürinden bäri biz dindar. Bu bir dindar ýurt. Diniň çydamly garaýyşlaryna, barlyşyga, onuň aram aspeketlerine ýykgyn edýän ýurt.

Azatlyk Radiosy: Müsüriň Eýran ýa Owganystan ýaly bolmagyny islemeýärmisiňiz?

El-Erian: Müsür – Müsürdir. Beýleki ýurtlar bilen meňzeşlikler, elbetde, bolar. Biz beýlekiler bilen sazlaşykly hereket edip bilýäris. Beýlekilerden sapak alyp, olaryň tejribelerini öwrenip bilýäris. Ýöne biziň öz ülňimiz bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Bir hristiany prezident hökmünde kabul edermisiňiz?

El-Erian: Adamlar tarapyndan saýlansa, kabul ederis.

Azatlyk Radiosy: Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton özüniň “Musulman doganlygy” bilen dialoga girişjekdigini aýtdy. Siz muny oňat garşylaýarmysyňyz?

El-Erian: Dialog ikitaraplaýyn sylag-hormata, ikitaraplaýyn bähbitlere esaslansa, garşylaýarys.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Eýranyň režimi ýadro ýaragyny öndürmäge synanyşýarmy?

El-Erian: Eýranyň režimi ýadro bilimini parahatçylykly meseleler üçin edinmek isleýändigini mydama aýdyp geldi. Men muňa ynanýaryn. Sebäbi ýadro ýaragy hem eýranlylaryň özi hem-de Pars aýlagy üçin howply zat. Ol regionda kabul edilenok. Ýöne Müsüriň hemişe aýdyp gelşi ýaly, Eýrana kömek etmek üçin biz köpçülikleýin gyryş ýaraglaryndan, ilkinji nobatda hem Ysraýyldaky ýadro ýaraglaryndan dynmaly.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Eýran bir demokratik döwletmi?

El-Erian: Men ol demokratik döwlet bolup biler diýip, umyt edýärin. Ýöne biz Eýrany görelde edinemzok.

Azatlyk Radiosy: “Hamasa” ýaran hereket diýip garaýarmysyňyz? Sizde “Hamas” barada doganlyk duýgusy barmy?

El-Erian: “Hamas” bir gaýtawul hereketi. Olar öz ýurduny ýurtbasarlardan azat etmek ugrunda göreşýärler. Günbatar olar baradaky garaýyşlaryny täzeden gözden geçirmeli. Şeýle edilse, terrorçylyk hem uruş sowlar. Hemme zady garyşdyryp, “Hamas” we garşylyk görkezýän beýleki toparlary terrorçy toparlaryň hataryna goşmak bilen Günbatar uly ýalňyşlyk etdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň partiýaňyzyň ady “Erkinlik we Adalat”. Türkiýedäki “Adalat we Galkynyş” partiýasy bilen gatnaşygyňyz barmy ýa özüňizi şol partiýa bilen deň görýärmiziňiz?

El-Erian: Biz - Müsür partiýasy. Biz yslam dünýäsiniň ähli ýerlerindäki ekspertleriň pikirlerini we görkezýän göreldelerini hormatlaýarys. Şeýle hem beýlekilere Türkiýäniň “Adalat we Galkynyş” partiýasyndan gowy görelde bolarys diýip, umyt edýäris.
XS
SM
MD
LG