Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Demirgazyk Koreýa ýadro gepleşiklerine dolanmaga taýýar


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ir, özüniň ýardo programmasy boýunça alty taraplaýyn gepleşikler täzeden ýola goýlan halatynda, ýadro ýarag synaglaryny we önümçiligini togtatmaga taýýar. Bu barada Kreml habar berýär.

Kremliň metbugat wekili Nataliýa Timakowanyň aýtmagyna görä, çarşenbe güni Kim Çen Ir prezident Dmitriý Medwedew bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Demirgazyk Koreýanyň öňünden hiç hili şert goýmazdan gepleşiklere dolanmaga taýýardygyny aýdypdyr.

Medwedew bilen Kim Çen Ir Orsýetiň Ulan-Ude şäherinde duşuşdylar. “Men siziň bu günleriň dowamynda wagtyňyzy gyzykly geçirendigiňize, şeýle-de görmegi planlaşdyran zatlaryňyzyň aglabasyny görjekdigiňize umyt edýärýän” diýip, Medwedew çykyş etdi.

Medwedew Demirgazyk Koreýanyň üsti bilen Günorta Koreýa tarap geçirilmegi planlaşydyrylýan gaz geçirijiniň gurulmagyny Phenýanyň goldaýandygyny hem mälim etdi.
XS
SM
MD
LG