Sepleriň elýeterliligi

Diktatura ýan berýär


Liwiýanyň Bengazi şäherinde adamlar Tripoliniň synmagyny gutlaýarlar, 23-nji awgust.

Liwiýanyň Bengazi şäherinde adamlar Tripoliniň synmagyny gutlaýarlar, 23-nji awgust.

Ýurdumyzyň raýatlary daşary ýurt mediasynyň üsti bilen Liwiýanyň diktatory Muammer Kaddafiniň kyrk iki ýyl dowam eden zalym düzgüniniň soňuna ýakynlap barýandygyny bilýärler.

Elbetde, arap rewolýusiýasynyň, dünýädäki diktatura düzgüniniň ýykylmagynyň täsirini türkmen resmileri mümkin bolan derejede duýmazlyga salýarlar. Şonuň üçinem ýolbaşçylarymyz, gynansagam, Tunisde, Müsürde, indem Liwiýada bolup duran halk tolgunyşyklarynyň diktaturany syndyrmagynyň düýp sebäbiniň sosial adalatsyzlykdygyna düşünmek islemeýärler.

Raýatlaryň erkin pikirini çäklendirmek belli bir döwürde netije berse-de, uzak möhletleýin netije bermeýändigini arap rewolýusiýalary aňryýany bilen subut etdi. Halkyň ähli erk-ygtyýaryny elinden alandygy üçin, liwiýalylar birbada gorky etselerem ahyry "Suw seňrikden geçer" edip, zalym Muammer Kaddafiniň düzgünine garşy baş göterdiler. Kaddafi öz hukugyny talap edip parahat ýörişe çykanlardan gazaply öç alyp başlady. Şeýlelikde dünýäniň demokratik ýurtlarynyň harby babatda goşulyşmagy bilen Kaddafiniň öz halkyny gyrgyna berýän harby güýjüniň uly bölegi ýok edildi.

Demokratik ýurtlaryň ýardamy bilen Liwiýanyň milli geçiş hökümeti bu günki gün ýurduň uly bölegine gözegçilik edýär, heniz Kaddafiniň düzgüni doly synmadygam bolsa, ýakyn wagtda kyrk iki ýyllap dowam eden zalym düzgüniň synjakdygyna köpler şübhelenmeýär. Bu bolsa halkyny berk gysaçda saklan düzgüniňem iru-giç synjakdygyny, şol düzgüni emele getirenleriň bolsa eden işleri üçin hasabat bermeli boljakdygyny subut edýär.

Döwlet ýolbaşçylarymyz hem arap rewolýusiýalaryndan, Liwiýada bolýan wakalardan sapak alyp, Nyýazowyň halkyň başyna musallat bolup inen diktatura syýasatyny ýazgarsalar, metbugat azatlygyna ýol açsalar, tebigy baýlygymyzdan gelýän pullar, onuň sarp edilişi hakynda halka hasabat berseler hökümet bilen halkyň bitewi bolmagyny kepillendirerdiler, çünki indi dünýä ýüzünde diktatura yzly-yzyna synyp, demokratiýanyň öňünde ýan berýär. Şol sebäplem halky, tutuş bir ýurduň raýatlaryny hemişelik bogup, erksiz saklamak mümkin däl.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG