Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel "2011-nji ýylyň iň täsirli zenany" atlandyryldy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel “2011-nji ýylyň iň täsirli zenany” diýlip atlandyryldy.

Çarşenbe güni amerikan žurnaly “Forbes” däp bolup gelýän ýyllyk görkezijisini çap etdi. Ýer togalagynyň iň täsirli zenanlarynyň üçlügine şeýle-de Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton we Braziliýanyň prezidenti Dilma Russeff girýär.

“Forbes” žurnalynyň sanawynda diňe bir aýal syýasatçylar däl, telekeçilerem, sungat işgärlerem, tomaşa biznesiniň ýyldyzlaram bar. Mysal üçin, “Forbes” žurnaly “Microsoft” kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýtsiň aýaly, dünýäde iň uly haýyr-sahawat fonduna ýolbaşçylyk edýän Milena Geýtsi 6-njy orunda goýupdyr.

8-nji orny Birleşen Ştatlaryň birinji hanymy Mişel Obama, 11-nji orny pop ussady Ledi Gaga eýeleýär.
XS
SM
MD
LG