Sepleriň elýeterliligi

Ukrain oppozisionerlerine ýöriş geçirmek başartmady


Ukrain oppozisiýasynyň tarapdarlaryna çarşenbe güni Kiýewiň köçelerinde ýöriş geçirmek başartmady. Milisiýa diwar bolup, olaryň ýoluny böwetledi.

Ýöne birnäçe adama diwary böwsüp, garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan konsertiň gidip duran ýerine - şäheriň merkezindäki Maýdana barmak başartdy.

Oppozisiýa wekilleri möhletinden öň parlament we prezident saýlawlaryny geçirmegi talap edýän ýazgyny göterip, öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň we öňki daşary işler ministri Ýuriý Lusenkonyň garşysyna alnyp barylýan jenaýat derňewlerini ýatyrmaga çagyryş etdiler.

Oppozisiýanyň protest aksiýasy Timoşenkonyň işi seljerilýän Peçersk sudunyň jaýynyň öňünde tamamlandy.
XS
SM
MD
LG