Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Horwatiýaly serbleriň öňki lideri günäsini boýun almady


Çarşenbe güni horwatiýaly serbleriň öňki lideri Goran Hajiç öňki Ýugoslawiýada harby jenaýatlar boýunça Halkara tribunalda özüne bildirilýän jenaýatlarda günäsini boýun almakdan ýüz öwürdi.

52 ýaşly Hajiç adamzada garşy hem harby jenaýatlarda, şol sanda 1991-nji ýylda 260 ýesiri öldürmekde we Wukowar şäherini ýok etmekde aýyplanýar.

Ol 2004-nji ýylda adyl suddan gizlendi we şu ýylyň 20-nji iýulynda Serbiýada ele salyndy.
XS
SM
MD
LG