Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Peruda güýji 7 balla golaý ýer titreme boldy


Çarşenbe güni Peruda güýji 7 balla golaý ýer titreme boldy. Onuň merkezi Braziliýa bilen serhede golaý daglyk etrapda. Ýöne sarsgynlar bu ýerden 500 kilometr günbatardaky Perunyň paýtagty Limada-da duýuldy.

Deslapky maglumatlara görä, adam pidalary, weýrançylyklar ýok, onuň sebäbi - ýer titremäniň merkeziniň uly çuňlukda ýerleşýänligi bolmagy mümkin.

2007-nji ýylyň awgustynda Perunyň Ika prowinsiýasynda 600 töweregi adam güýçli ýer titremänin pidasy bolupdy.
XS
SM
MD
LG