Sepleriň elýeterliligi

ÝB Eýranyň gwardiýa wekilleriniň garşysyna sanksiýa girizdi


Ýewropa Bileleşigi Siriýadaky köpçülikleýin halk çykyşlaryny basyp ýatyrmak işinde Siriýanyň lideri Başar al-Assadyň režimini goldan we söweş tehnikasyny beren Eýranyň rewolýusion gwardiýasynyň wekilleriniň garşysyna sanksiýa girizdi.

Täze sanksiýalar siriýa armiýasynyň generallarynyň ençemesiniň, režimiň opponentleriniň garşysyna geçirilen repressiýalara ýolbaşçylyk edendigi çaklanýan Assadyň kiçi doganynyň ýakyn töweregindäkileriň garşysyna girizildi.

ÝB-niň Siriýa boýunça “gara sanawyna” 50 adam we dokuz gurama girýär, olaryň bank hasaplary doňduryldy, garşysyna wiza çäklendirmesi girizildi.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatyna görä, mart aýynda Başar al-Assadyň wezipeden çekilmegini talap edýän demonstrasiýalar başlanaly bäri iki müňden gowrak adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG