Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň “Progress” kosmos gämisi heläkçilige uçrady


Orsýetiň ýük göteriji “Progress” kosmos gämisiniň heläkçilige uçramagy Halkara kosmos stansiýasynyň işini kynlaşdyrmaz diýip, amerikan aerokosmos agentliginde – NASA-da aýdýarlar.

“Halkara kosmos stansiýasy eltilmeli ýüksüzem oňup biler. Eger zerur bolsa, stansiýa goşmaça ýük eltilmezden birnäçe aýlap ýene işläp biler” diýip, NASA-nyň Halkara kosmos stansiýasy programmasynyň ýolbaşçysy Maýkl Saffredini aýtdy.

“Progress” gämisi Baýgoňur kosmodromyndan çarşenbe güni uçurylyp, ol göteriji raketanyň hereketlendirijisiniň öçmegi bilen çykmaly orbitasyna ýetip bilmedi diýlip, Roskosmosyň maglumatynda bellenýär.

Gämi Halkara kosmos stansiýasyna üç ýarym tonna ýük eltmelidi.
XS
SM
MD
LG