Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýaly gozgalaňçylar Zaurdaky harby bazany eýeläpdir


"Al-Arabiýa" telekanaly Tripoliniň günbataryndaky Zaurda liwiýaly gozgalaňçylaryň harby bazany basyp alandygyny habar berdi.

Liwiýada gozgalaňçylar bilen Muammar Kaddafiniň tarapdarlarynyň arasynda çaknyşyklar dowam edýär. Kaddafiniň nirededigi öňküleri ýaly belli däl, diňe käbir çaklamalar öňe sürülýär.

"Liwiýa liderini ele salmaga getirip biljek informasiýa üçin bir million 700 müň dollar baýrak goýduk" diýip, gozgalaňçylaryň döreden Milli geçiş geňeşiniň wekili Mustafa Abdel Jelil aýtdy.

Çarşenbe güni iki fransuz žurnalisti - telekompaniýalaryň biriniň operatory we "Paris Match" žurnalynyň fotokorrespondenti ýaralandy. Ondan öň Kaddafiniň tarapdarlary tarapyndan "Riksos" myhmanhanasynda saklanan daşary ýurt žurnalistleri azat edildi.

Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi Muammar Kaddafiniň režimi ýykylýança NATO-nyň Liwiýadaky operasiýalaryna goldawynyň üýtgewsiz galjakdygyny Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň baştutany Mahmut Jebraýyl bilen Parižde geçiren duşuşygyndan soň aýtdy.

Gozgalaňçylaryň ýene bir wekili Aref Aly Naýed Liwiýa boýunça halkara konferensiýanyň geçýän ýurdy Katarda doňdurylan liwiýa hasaplarynyň azyndan 5 milliard dollarlygynyň açylmalydygyny aýtdy.

Aktiwistiň sözlerine görä, şol pullar iş haklaryny tölemäge we liwiýalylaryň gündelik hajatlaryna sarp ediler.
XS
SM
MD
LG