Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda günägeçişlik yglan edildi, oňa kimleriň düşendigi näbelli


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gadyr gijesi mynasybetli günägeçişlik hakyndaky permana gol çekdi. Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň bu baradaky habarynda tussaglykdan boşadyljaklaryň anyk sany barada, oňa kimleriň düşendigi hakda maglumat berilmeýär.

Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründen bäri Türkmenistanda adat bolşy ýaly, 26-njy awgustdan 27-ine geçilýän gijä gabat gelen Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanda günägeçişlik yglan edildi.

“Näçe adamyň bu günägeçişlige düşendigi barada hem maglumat berilmedi. Ýöne 23-nji awgustda Berdimuhamedow Serdar şaherinde binalaryň açylyşyna baranda, ýaşululara ýüzlenip, tussaglykda saklanýanlaryň köpüsini boşatmak hakyndaky permana gol çekdim diýdi. Ýagny, ençeme müň adamyň boşadylmagy gaty ahtimal” diýip, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Ýerli metbugatda soňky birki ýyllykda günägeçişlige düşen adamlaryň sanawynyň çap edilmegi duruzyldy. “Günägeçişlige düşen adamlaryň sanawynyň köpçülige ýetirilmeginiň bes edilmegi, bu meselede parahorlyga ýol açýar, amnistiýa düşen adamlaryň sanawyny ýaşyrmak bilen korrupsiýa garşy göreş yglan eden Berdimuhamedow, gaýta parahorlara amatly şert döredýar” diýip, “Türkmen Helsinki fondunyň” ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa aýdýar.

Syýasy tussaglar boşadylarmy?

Şu ýyl garaşsyzlygyň 20 ýyllygy bilen baglylykda goňşy ýurtlarda hem amnistiýa yglan edilýär. Şu ýylky amnistiýa hatda ýaragly gozgalaňa gatnaşan adamlaryň hem düşýändigi habar berilýär. Mysal üçin, 22-nji awgustda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon ýurduň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlap, amnistiýa baradaky karara gol çekdi. 15 müň adama degişli bolan şu gezekki amnistiýa sanawyna ýurduň taryhynda ilkinji gezek 1997-98 ýyllarda ýaragly gozgalaňlara gatnaşan adamlaryň we bikanun dini-jemgyýetçilik guramalaryň agzalarynyň hem düşendikleri habar berildi.

Begmedowa türkmen häkimiýetleriniň öňki režimiň ýörelgelerini dowam etdirýändigini, syýasy tussaglaryň azat edilmegine kän bir ynanyp barmaýandygyny aýdýar.

Adam hukuklary boýunça halkara “Human Rights Watch” guramasynyň şu ýylyň 30-njy aprelinde ýaýradan maglumatynda Türkmenistanda syýasy tussaglaryň hakyky sanyny anyklamagyň kyndygy, muňa ýurduň ýapyklygynyň, türmeler bilen bagly maglumatlaryň ýaşyryn saklanmagynyň sebäp bolýandygy aýdylýar.

“Berdimuhamedowyň ýurda ýolbaşçylygynyň ilkinji ýyllary 20-ä golaý syýasy tussag türmelerden azat edildi. Ýöne şondan soň türkmen häkimiýetleri bikanun tussag edilen adamlaryň işine gaýtadan garap, olaryň azat edilmegi ugrunda hereket etmegä aňyrda dursun, hatda syýasy tussaglary adaty “jenaýatçylar” diýip atlandyryp, ýurtda syýasy tussaglaryň bardygyny hem ykrar etmekden boýun gaçyrdylar” diýlip, “Human Rights Watch” guramasynyň maglumatynda aýdylýar.

2002-nji ýylda “Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy” diýlip atlandyrylan wakada tussag edilenleriň köpüsiniň dogan-garyndaşlary hem olaryň azat edilmegine umyt edýändiklerini belläp, ýöne türkmen häkimiýetleriniň özlerini alyp baryşlaryny göz öňünde tutup, hossarlarynyň azat ediljegine ynamlarynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň aýaly Tatýana Şyhmyradowa şeýle diýýär: “Men Borisiň hem onuň tussag edilen egindeşleriniň azat edilmegine gaty umyt edýärin. Emma munuň şeýle boljagyna şaýatlyk edip biljek birem alamat ýok. Sebäbi bize henize çenli Şyhmyradowlaryň-da, 2002-nji ýyldaky “Sanjar wakasy” bilen bagly beýleki tussag edilen adamlaryň hatda nirededigi barada-da düýpden maglumat berlenok”.

Şeýle hem Tatýana Şyhmyradowa şu ýylyň aprel aýynda bu mesele bilen bagly özüniň BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetine ýüz tutandygyny, emma ol ýerden hem adamsynyň nirededigi barada entek maglumat alyp bilmändigini gürrüň berdi: “Bu komitetiň işiniň düzgüni boýunça meniň arzam türkmen häkimiýetlerine iberilip, olara jogap bermäge 6 aý möhlet berildi. Häzir men jogaba garaşýaryn”.

Ýazyjy Bugaýew 2002-nji ýylda tussag edilenleriň azat edilmegine ynamynyň ýokdugyny aýdýar, emma 2006-njy ýylda tussag edilen graždan aktiwistleri Annagurban Amangylyjow, Sapardurdy Hajyýew dagylaryň Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna azat edilmeginiň mümkindigini çaklaýar.

Bu aktiwistler 2006-njy ýylyň 18-nji iýunynda "ýanlaryndan bikanun ýarag tapylanlykda" aýyplanylyp tussag edilipdiler. Şol wakadan kän wagt geçmänem, Fransiýanyň telekanaly Ogulsapar Myradowanyň, Sapardurdy Hajyýewiň we Annagurban Amangylyjowyň ýardam bermeginde "Galaksi-Press" agentligi tarapyndan Türkmenistan barada surata düşürilen bir dokumental filmi efire berdi. Bu filmde olaryň hiç hili kanuny bozmazdan, Türkmenistandaky adaty ýagdaýlar barada dokumental filmi surata düşürmäge ýardam berendigi görkezildi.

Bu aktiwistlerden biri, 58 ýaşly Ogulsapar Myradowa türkmen türmesinde 2006-njy ýylyň sentýabrynyň ortasynda gümürtik ýagdaýlarda aradan çykdy. Dört çaganyň enesi Ogulsapar Myradowanyň ölüminiň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri hiç hili düşündiriş bermediler.

BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler baradaky iş toparynyň geçen ýylyň ahyrynda aýan eden pikirine görä, Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýewiň tussag edilmegi Adam hukuklary boýunça ähliumumy Jarnamanyň hem-de Graždan we syýasy hukuklar boýunça halkara Konwensiýanyň birnäçe maddalarynyň bozulmagy bolup durýar.

Türmeler we tussaglar

Türkmenistanda syýasy tussaglardan başga wyždan ýesirleriniň hem bardygy habar berilýär. Dini azatlyklar bilen meşgullanýan “Forum 18” guramasynyň ýaýradan maglumatynda diňe Seydiniň zähmet koloniýasynda saklanýan wyždan ýesirleriniň sanynyň 11 adama baryp ýetendigi aýdylýar.

Londonda ýerleşýän “Kings College” uniwersitetiniň ýanynaky “Tussaglaryň ýagdaýlaryny öwrenmek boýunça Halkara merkeziniň” 2009-njy ýyl boýunça ýaýradan maglumatyna görä, häzirki döwürde Türkmenistanda tussaglaryň jemi sanynyň 11 müňe golaýdygy çaklanylýar. Bu san Türkmenistanyň her 100 müň raýatyndan 224-niň türmededigini aňladýar.

2010-njy ýylyň fewral aýynda “Türkmenistanyň garaşsyz aklawçylar assosiasiýasy” we “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” guramasy tarapyndan taýýarlanylan hasabatda Türkmenistanyň türmeleri boýunça statistiki maglumatlar, türmeleriň sanawy we şertleri, tussaglaryň ykbalyndan mysallar getirildi. Bu hasabata görä, Türkmenistanyň tussaghanalarynda, olaryň göwrümine görä, bolmalysyndan 3,3 esse köp adam saklanýar. Bu ýagdaýyň bolsa keselleriň ýaýramagyna we ölümiň artmagyna sebäp bolýanlygy bellenilýär.

Hasabatda Türkmenistanyň türmelerindäki ýagdaý, hususan-da, Gazagystan, Gyrgyzystan we Ýewropa döwletleri bilen deňeşdirilýär. Türkmenistanyň türme indeksi hasabatda 534 diýlip kesgitlenen bolsa, türme indeksi Gazagystanda 348, Gyrgyzystanda 285, Ýewropa döwletlerinde bolsa 80-90 töwereginde.

Ýakynda, Abadan wakalarynyň yz ýany bilen, 10-16-njy iýul aralygynda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň delegasiýasy Aşgabada sapar etdi. Ýarym resmi “Turkmenistan.RU” internet saýtynda “Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň delegasiýasy Içeri işler ministrliginiň düzümine girýän edara hem sapar edip, ol ýerde saklanýanlaryň ýagdaýy bilen tanyşdy” diýlip, habar berildi. Emma maglumatda anyk “türme” diýen söz getirilmedi.

Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň delegasiýasynyň bu sapary hakynda Türkmen döwlet habarlar gullugy ýörite habar ýaýratmady, diňe gündelik gazetlerde çap etdiren hepdelik teswirlemesinde agzap geçdi.

Türkmen häkimiýetleri Nyýazowyň režimi tarapyndan bikanun tussag edildi diýilýänleriň işlerine gaýtadan garap, garaşsyz derňew geçirip, adalaty dikeltseler, bu hem ýurduň halkara derejesindäki abraýyna, hem häkimiýetleriň il içindäki abraýyna oňyn täsir ederdi diýip, hukuk goraýjy aktiwistler nygtaýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG