Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda pagta ýygym kampaniýasy başlandy


Çarşenbe güni Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri ýurtda pagta ýygym kampaniýasynyň başlanandygyny habar berdiler.

Bu resmi maglumata görä, pagta ýygym kampaniýasy Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda başlanypdyr. Daşhowuz welaýatynda bu işe 31-nji awgustda girişiljekdigi habar berilýär.

Prezident G. Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelen döwri pagta hasyly boýunça döwlet planlarynyň yglan edilmesi biraz wagtlap bes edilipdi.

Emma resmi maglumatlarda şu ýylky pagta möwsüminde ýurduň daýhanlarynyň öňünde 1 million 50 müň tonna hasyl tabşyrmak barada plan goýlandygy habar berildi.
XS
SM
MD
LG