Sepleriň elýeterliligi

Arap Ligasy Liwiýanyň Milli geçiş geňeşini goldaýar


Penşenbe güni Arap Ligasy Liwiýanyň oppozision Milli geçiş geňeşini bu ýurduň kanuny häkimiýeti hökmünde doly goldaýandygyny yglan etdi.

Bu wakalaryň fonunda Liwiýanyň oppozsion söweşijileri ýurduň awtoritar lideri Muammar Kaddafini ele salmak ugrundaky tagallalaryny dowam etdirýärler.

NATO-nyň resmileri bu işde NATO güýçleriniň hem liwiýaly söweşijilere goldaw berýändiklerini mälim etdiler.

Oppozision söweşijiler Tripoliniň töwereklerinde henizem Muammar Kaddafä ygrarly käbir güýçler bilen söweş alyp barýarlar.
XS
SM
MD
LG