Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanly aktiwistiň ýiten gyzy öli tapyldy


Gazagystanly nebitçileriň profsoýuz guramasynyň belli aktiwisti Kudaýbergen Karabalowyň ýiten gyzy çarşenbe güni öli tapyldy. 18 ýaşly Žansaule Karabalaowa geçen ýekşenbe güni ýitirim bolupdy.

Gazagystanyň Halk Frontunyň aktiwisti Bolat Atabaýew Žansaule Karabalowanyň jesediniň Mangystau oblastynyň Žanaozen şäherçesiniň golaýyndan tapylandygyny mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, Karabalowanyň äňine we kelle çanagyna ölüm howply ýara salnandygy anyklanypdyr.

Žansaule Karabalowanyň kakasy Kudaýbergen Karabalow soňky wagtlar «UzenMunaýGaz» kompaniýasynyň işgärleriniň hukuklaryny gorap aktiw çykyş edip gelýän aktiwistlerden biri hökmünde tanalýar.
XS
SM
MD
LG