Sepleriň elýeterliligi

Gazadaky hüjümde alty palestinaly heläk boldy


Penşenbe güni habar agentlikleri Gaza Sektorynyň demirgazyk raýonynda Ysraýylyň harby uçarlarynyň amala aşyran howa hüjümlerinde alty sany palestinalynyň ölendigini habar berdiler.

Maglumatlarda bu hüjümleriň jihädçi bir ekstremistik topara degişli diýlip hasaplanylýan nokatlara garşy amala aşyrylandygy aýdylýar.

Mundan daşary, Ysraýylyň harby resmileri bu hüjümde Gaza Sektorynyň demirgazygynda ýarag saklanýan bir ammaryň hem-de bu raýondan Müsüre çekilen gizlin bir tunneliň hem nyşana alnandygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG