Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýanyň lideri Hytaýa sapar edýär


Penşenbe güni Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ir Orsýetiň Sibir regionyna eden birnäçe günlük saparyndan soň, Hytaýa resmi sapara ugrady.

Kim Çen Ir özüniň Orsýete saparynyň barşynda prezident Dmitriý Medwedew bilen-de gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikleriň yzy bilen, düýn Demirgazyk Koreýanyň öz ýadro programmasy bilen baglanyşykly köptaraplaýyn gepleşiklere, hiç hili şert goýmazdan, gaýtadan başlamaga taýýardygy yglan edildi.

Emma Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýanyň bu baradaky beýanatynda hiç hili täzeligiň ýokdugyny aýdyp, muňa pessimistik reaksiýa bildirdiler.
XS
SM
MD
LG