Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede harbylaryň ulag kerwenine hüjüm edildi


Penşenbe güni Türkiýäniň günorta-gündogar regionynda ýene nobatdaky gezek harbylaryň ulag kerwenine hüjüm edilendigi barada maglumat alyndy.

Türkiýäniň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Hakkari prowinsiýasynda ýüz beren bu wakada ýaragly söweşijiler harby ulaglaryň barýan ýolunda minalary partladypdyrlar. Partlamalarda nähili ýitgi çekilendigi barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.

Soňky günler Türkiýäniň bu regionynda separatist Kürdüstan Işçiler partiýasynyň söweşijileriniň hereketleriniň güýçlenendigi göze ilýär.

Diňe geçen aýyň dowamynda bu söweşijileriň hüjümleri netijesinde ýurduň harbylarynyň 40-dan gowragy öldi.
XS
SM
MD
LG