Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝUNISEF: maýyp çagalaryň hukugy üns merkezinde


G. Soltanowa: "Türkmenistanda alyp barýan ähli programmalarymyzda maýyp çagalaryň deňhukukly bolmagyny üpjün etmeklik esasy maksatlarymyzyň biri".
G. Soltanowa: "Türkmenistanda alyp barýan ähli programmalarymyzda maýyp çagalaryň deňhukukly bolmagyny üpjün etmeklik esasy maksatlarymyzyň biri".
BMG-niň Çagalar fondy - ÝUNISEF Aşgabatda nobatdaky seminaryny geçirdi. Şu sapar bu çäre ösüşinde kemçiligi bolan çagalara ýardam bermek meselesine bagyşlanyp, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ulgamynyň işgärlerine şeýle çagalara kömek bermek işine has ir girişmegiň usullary barada maglumat berildi.

BMG-niň Çagalar fondy Türkmenistanda geçirýän soňky seminarlaryny BMG-niň Maýyplaryň hukuklaryny goramak boýunça 2006-njy ýylda kabul eden Konwensiýasynyň çäginde geçirilýändigini habar berdi.

Bu Konwensiýa we maýyplaryň hak-hukuklaryny goramak boýunça Türkmenistanda edilýän işler bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy Gözel Hudaýberdiýewa BMG-niň Çagalar fondunyň Aşgabatdaky edarasynyň jemgyýetçilik aragatnaşyklary boýunça wekili Gülälek Soltanowa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: BMG-niň bu Konwensiýasy we oňa Türkmenistanyň gatnaşygy barada gürrüň beräýseňiz.

Gülälek Soltanowa: BMG-niň bu Konwensiýasy maýyp adamlaryň hak-hukuklarynyň goralmagyna gönükdirilýär. Türkmenistan oňa 2008-nji ýylda goşulyp, Merkezi Aziýa döwletlerinden ilkinji bolup, gol çekdi. Şunuň çäginde biz Türkmenistandaky çäreleri geçirdik.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürde nähili çäreler geçirildi?

Gülälek Soltanowa: Türkmenistanyň adam hukuklaryna degişli halkara borçlaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara komissiýasynyň işçi topary üçin seminar geçirildi. Awgustyň ortalarynda geçirilen bu seminarda Türkmenistana gelen halkara konsultant BMG-niň Maýyplaryň hak-hukuklaryny goramak boýunça Konwensiýasynyň prinsiplerini ýerine ýetirmegiň ýollary barada düşündiriş berdi. Düşündirişler hem milli kanunlaryň mazmunyna hem-de olary berjaý etmegiň mümkinçiliklerine degişli boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýakyn günlerde Aşgabatda çagalara degişli seminaryň hem geçirilenligi habar berildi. Bu çäre nämeden ybarat boldy?

Gülälek Soltanowa: Yaňy-ýakynda saglygy saklaýyş pudagynyň işgärleri üçin seminar öz işini tamamlady. Medisina Uniwersiteti, Medisina kolleji, Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň “Enäniň we caganyň saglyk merkezi” üçin geçirilen bu seminarda sosial pediatriýa degişli meselelere garaldy. Maýyp cagalara ýardam bermek we bu işe has öňünden girişmek üçin gulluklaryň döredilmegine degişli meseleler gozgaldy. Çagalaryň ösüşindäki şikesleri mümkin boldugyndan has öňünden anyklamak boýunça gulluklary Türkmenistanda nädip doredip bolar diýen sowal orta atyldy.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, maýyp çagalara ýardam bermek boýunça gulluk Türkmenistanda şu günki güne çenli ýok, şeýlemi?

Gülälek Soltanowa: Men ýurduň saglygy saklaýyş sistemasynyň gurluşyna belet däl. Sistemanyň içinde bu ugurdan gulluklaryň bar bolmagy mümkin, emma ýurtda problema gönükdirilen özbaşdak bir gulluk, bilşime görä, ýok.



Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda maýyplyk we çagalaryň maýyplygyna degişli mesele barada habar berilmän gelýär. Bu problema Türkmenistanda näderejede ýiti durýar?

Gülälek Soltanowa: Maýyp çagalaryň hukuklaryna degişli mesele boýunça işleşmek biziň programmalarymyzda öňden göz öňünde tutulan bolsa-da, biz bu meselä 2010-njy ýylda Türkmenistan boýunça işläp başlan täze programmamyz esasynda has içgin girişip başladyk. Häzir biziň Türkmenistanda alyp barýan ähli programmalarymyzda maýyp çagalaryň deňhukukly bolmagyny üpjün etmeklik esasy maksatlarymyzyň biri. Olaryň bilim prosesine goşulmagyny, saglyk hyzmatlaryndan peýdalanmagyny we sosial taýdan goralmagyny üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, gynansak-da, Türkmenistanda-da maýyplyk problemasy ýiti durýar. Çözülmeli meseleler bar.

Azatlyk Radiosy: Ol nähili meseleler?

Gülälek Soltanowa: ÝUNISEF türkmen hökümetine ýurduň kanunlaryna gaýtadan garamaga ýardam berýär. Häzirki wagtda milli kanunlaryň maýyplara degişli halkara kanunlaryna näderejede gabat gelýänligine syn edilýär.

Azatlyk Radiosy: Edýän işiňiz esasan ýurduň kanunlaryny halkara standartlaryna gabat getirmeklige gönükdirilýär, şeýlemi?

Gülälek Soltanowa: Alyp barýan işimiz hem kanun binýadyny berkitmeklige hem-de ýurduň saglygy saklaýyş, bilim we sosial goragy pudaklarynda spesialistleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilýär. Biz işi nädip gowulandyryp boljagy, nädip netije we öňegidişlik gazanyp boljagy bilen gyzyklanýarys. Biz şeyle-de maglumat bermek boýunça hem iş alyp barýarys. Biz Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen işleşip, ilatyň, çagalaryň BMG-niň Konwensiýasy barada habarly bolmagy üçin tagalla edýäris.
XS
SM
MD
LG