Sepleriň elýeterliligi

"Amnesty" Liwiýadaky tussaglara alada bildirýär


Liwiýada Muammar Kaddafiniň tarapdarlaram, ony agdarmak ugrunda göreşýän gozgalaňçylaram tussagda oturanlara gazaply daraýarlar diýlip, adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” halkara guramasynyň täze dokladynda bellenýär.

Tripolidäki Abu Salim türmesinde tussag astynda oturan oglanlary Kaddafä wepaly adamlaryň zorlandygy baradaky faktlar dokladda getirilýär.

Dokladda şeýle-de Ez-Zawiýa türmesinde oturan liwiýaly çagalara gozgalaňçylaryň gazaply daraýandygy, çagalaryň saklanýan şertleriniň juda erbetdigi habar berilýär.

“Amnesty International” konflikte gatnaşýan taraplaryň ikisini-de tussaglykda oturan adamlara garşy zorluk ulanmazlyga, olary gynamazlyga, olaryň hukuklaryny berjaý etmäge çagyrýar.
XS
SM
MD
LG