Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda bolan partlamalarda azyndan 14 adam öldi


Yrakda bolan partlamalar tapgyrynda bärsinden 14 adam öldi. “Associated Press” agentliginiň maglumatyna görä, ölenleriň arasynda 8 polisiýa ofiseri hem bir harby gullukçy bar.

Partlamalaryň biri ýurduň günortasyndaky Basra şäherinde boldy, janyndan geçen içi bombaly maşyny şaýylar metjidiniň golaýynda partlatdy. Şonda dört adam ölüp, onlarçasy ýaralandy.

Partlamalar Falluja, El-Karme şäherlerinde we paýtagt Bagdatda hem boldy.
XS
SM
MD
LG