Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistandaky partlamada azyndan 10 adam öldi


Penşenbe güni Pakistanyň Risalpur şäherinde bolan partlamada azyndan 10 adam ölüp, 14-si ýaralandy.

Ýerli polisiýanyň maglumatyna görä, bomba myhmanhanada goýlup gidilen welosipede berkidilipdir. Şol ýeriň golaýynda-da märekesi köp bazar ýerleşýär. Uly weýrançylygyň bolandygy habar berilýär.

Bir hepde mundan öňem Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Haýber- Puhtunhwa etrabynda metjit partladylanda 50 gowrak adam heläk bolupdy.

Bu etrapdaky teraktlaryň köpüsini talyplar hem beýleki ekstremistik toparlar amala aşyrýar.
XS
SM
MD
LG