Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň Bagdatdaky ilçisine nota gowşuryldy


Yragyň daşary işler ministri Yragyň serhetýaka etraplaryna howadan uçuşlaryň dowam edýändigi bilen bagly Türkiýäniň Bagdatdaky ilçisine nota gowşurdy.

Geçen hepde Yragyň demirgazygynda ýerleşýän kürt gozgalaňçylarynyň pozisiýalaryna Türkiýe howa urgularyny etdi.

Alty günde 100 töweregi separatist söweşijiniň öldürilendigini Türkiýäniň harby komandowaniýesi habar berdi.

Howa hüjümleriniň kürt söweşijileriniň Türkiýäniň territoriýasyna yzygiderli edýän hüjümlerine jogap bolandygyny türk generallary belleýärler.
XS
SM
MD
LG