Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde milletçileriň aksiýalary başa barmady


Moskwada we Peterburgda polisiýa milletçileriň rugsat berilmedik aksiýasynyň öňüni aldy.

“Orslar, öňe!” diýen çagyryş bilen Peterburgyň Moskwa prospektinde onlarça adam ýöriş geçirmäge synanyşdy.

Milletçiler Moskwada Zamoskworesk sudunyň binasyna ýygnanyp, ýöriş gurnamaga synanyşdylar.

Moskwaly student Iwan Agafonowy öldürmekde güman edilýän garyşyk göreş boýunça dünýä çempiony Rasul Mirzaýewi tussag etmek barada sud karar çykarmanka, internetde agzalan aksiýalara çagyryşlar peýda boldy.
XS
SM
MD
LG