Sepleriň elýeterliligi

Abhaziýadaky saýlawlara üç kandidat dalaş edýär


Anna gününe bellenen nobatdan daşary saýlawlara Abhaziýa taýýar diýip, özüni özbaşdak ýurt yglan eden respublikanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Batal Tabagua aýtdy. Onuň sözlerine görä, saýlawçylaryň sanawynda 140 müň adamyň ady bar.

Respublikanyň baştutany wezipesine üç kandidat dalaş edýär. Olar – wise-prezident, häzir döwlet baştutanynyň wezipesini ýerine ýetiriji Aleksandr Ankwab, premýer-ministr Sergeý Şamba we “Halk birliginiň forumy” oppozision partiýanyň lideri Raul Hajimba.

Möhletinden öň saýlawlar Abhaziýada öňki prezident Sergeý Bagapş aradan çykany üçin geçirilýär.
XS
SM
MD
LG