Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan Koreýa bilen $11 milliardlyk şertnama baglaşdy


Penşenbe güni Astanada Gazagystan-Koreýa ykdysady forumynda çak bilen 11 milliard dollarlyk ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekildi.

Günorta Koreýanyň gatnaşjak iň uly proýektleri - Balhaş kölüniň golaýynda gurulmaly ýylylyk elektrik stansiýasy we Gazagystanyň günbatar böleginde gurulmaly gaz-himiýa toplumy bolar.

Şol obýektler boýunça 2009-njy ýylda geçirilen tenderde Günorta Koreýanyň “Samsung” we “Elektroenergiýa” korporasiýalary ýeňiji bolupdy.
XS
SM
MD
LG