Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa hökümetiniň daşarky bank hasaplary açylar


Liwiýa boýunça düzümine 28 ýurt girýän aragatnaşyk topary we ençeme halkara gurama Liwiýanyň täze häkimiýetlerine maliýe kömegini söz berdiler.

Penşenbe güni Stambulda aragatnaşyk toparynyň agzalarynyň ýygnagynda Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu: “Liwiýa hökümetiniň bank hasaplaryny açmaga BMG eglenmezden ýardam etmeli” diýdi.

“Biz öňde duran adatdan daşary çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmegi üçin Milli geçiş geňeşine zerur ähli ygtyýarlyklary bermeli. Şunuň bilen bagly BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň çäklerinde Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň maliýe zerurlyklaryny kanagatlandyrar ýaly halkara-kanuny esaslar döretmeli”diýip, Almet Dawutoglu aýtdy.

ABŞ-nyň Liwiýanyň 1,5 milliard dollarlyk hasabyny açjakdygy habar berilýär.

Muammar Kaddafiniň režimi tarapyndan taýýarlanan uran we himiki çig mallaryň gözegçilik astyndadygy, olaryň syzyp çykmak howpunyň ýokdugy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň beýannamasynda bellenýär.

Liwiýanyň paýtagtynda gozgalaňçylar bilen Kaddafiniň tarapdarlarynyň arasynda söweşler dowam edýär. Liwiýa lideriniň nirededigi näbelli, onuň gözlegine NATO güýçleri-de goşuldy.

Gozgalaňçylar tarapyndan döredilen Milli geçiş geňeşi - häkimiýet organy Bengaziden Tripola göçýändigini penşenbe güni agşam yglan etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Wiktoriýa Nuland Liwiýanyň täze häkimiýetlerine ýurtda tertip-düzgüni saklamakda ýardam gerek bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

“Biziň düşünişimize görä, Milli geçiş geňeşi parahatçylyk dörediji halkara güýçleri Liwiýa ugratmagy haýyş etmese gerek. Ýöne oňa polisiýa güýçlerini ýola goýmakda halkara jemgyýetçiliginiň kömegi gerek bolmagy mümkin. Şol zerurlyk nämelerden ybarat - ony anyklamak öňde” diýip, Döwlet departamentiniň wekili penşenbe güni Waşingtonda bolan brifingde aýtdy.
XS
SM
MD
LG