Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranda Ysraýylyň garşysyna demonstrasiýa geçirildi


Eýranyň paýtagty Tähranda we beýleki şäherlerinde onlarça müň adam “Kuds güni” mynasybetli ýöriş geçirdi. Bu çäre palestinalylara goldaw hökmünde Ysraýylyň garşysyna geçirilýän demonstrasiýa bolup, ol režim tarapyndan gurnalýar.

Ýerli telewideniýe “Ysraýyla ölüm” we “Amerika ölüm” ýazgyly plakatlary, şeýle-de ýokary ruhany lider Ayatolla Ali Hameneýiniň we Yslam rewolýusiýasynyň başynda duran Ayatollah Ruhollah Homeýniniň suratlaryny ellerinde saklaýan köp sanly adamlaryň ýörişini görkezdi.

Tährandaky ýörişe gatnaşan prezident Mahmud Ahmedinejad çykyş edip, Palestina döwleti döredilenden soň, Ysraýyl üçin ýeriň bolmajakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG