Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistandaky suw joşmasynda onlarça adam öldi


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda musson ýagyşlary sebäpli dörän suw joşmalary netijesinde onlarça adam heläk boldy.

Sil suwy penşenbe güni Hyber-Pahtunhwa welaýatynyň Kundian jülgesine bardy. Ol ýerdäki öýlere we daş-töwerege, aýratynam durmuş ähmiýetli desgalara uly zyýan ýetdi.

Welaýatyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça resmisi Adnan Hanyň aýtmagyna görä, 33 sany adamyň jesedi tapylypdyr, başga-da 38 adam derekesiz ýitipdir.

Geçen ýyl Pakistanyň territoriýasynyň bäşden birini suw alanda 2,000 töweregi adam ölüp, 20 milliona golaý adam zyýan çekipdi.
XS
SM
MD
LG