Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky hüjümde graždan ölümi bar diýilýär


Owganystanyň gündogaryndaky Logar welaýatynda halkara koalisiýanyň penşenbe güni agşam amala aşyran howa hüjümlerinde parahat ilatyň arasyndan alty adam ölüpdir.

Logaý welaýatynyň polisiýa başlygy Gulam Sahi Rogh Lewaniniň aýtmagyna görä, operasiýanyň nyşanasy “Talybanyň” bir komandiri bolupdyr.

Lewaniniň maglumatyna laýyklykda, operasiýa netijesinde dört sany söweşiji, şeýle-de şol maşgalanyň alty sany agzasy öldürilipdir.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Halkara güýçleriň metbugat wekili ençeme söweşijiniň öldürilendigini tassyklap biljekdigini, ýöne olaryň arasynda parahat ýaşaýjylaryň bolandygyny aýdyp bilmejekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG