Sepleriň elýeterliligi

Nigeriýada BMG-niň binasyna bombaly hüjüm edildi


Anna güni Nigeriýanyň paýtagty Abujada ýerleşýän BMG-niň binasynda partlama boldy. Resmi maglumata görä, partlamada azyndan 18 adam ölüpdir.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, bombaly ulag baryp binany urupdyr.

Partlama sebäpli has köp adamyň ölen we ýaralanan bolmagy mümkin.

Hüjümiň jogapkärçiligini yslamçy ekstremist “Boko-haram” topary öz üstüne aldy.

BMG-niň baş sekretary Pan Gi Mun bu hüjümi ýazgaryp, özüniň orunbasary Aşa-Roze Migirony Nigariýa iberdi.
XS
SM
MD
LG