Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň Milli geçiş geňeşi paýtagt Tripolä göçdi


Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň berýän maglumatyna görä, britan harby uçarlary Kaddafiniň dogduk şäheri Sirtede howa hüjümlerini amala aşyrypdyr.

Sişenbe güni gozgalaňçylar paýtagt Tripoliniň aglabasyny ele salandan soň, Liwiýanyň ozalky lideri Kaddafi gözden ýitirim bolupdy. Onuň häzir nirededigi näbelli.

Bu aralykda, Liwiýanyň gozgalaňçylary özleriniň syýasy merkezini Bengaziden ýurduň paýtagty Tripolä geçirdiler. Günbatar metbugatynyň habar bermegine görä, Milli geçiş geňeşiniň dolandyryjy wekilleriniň ýarsyndan gowragy Tripolä gelipdir.

Şol bir wagtda, şäheriň käbir böleklerinde çaknyşyklar hem ýüze çykýar.

Misuratadan Tripolä gelen gozgalaňçylaryň biri şeýle diýdi: “Onda hiç zat ýok. Kaddafide zat galmady. Tamam. Kaddafiniň oýny gutardy”.
XS
SM
MD
LG