Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Energetika ugrunyň bilermenleri täze rus-ukrain "gaz urşunyň" ähtimallygy hakynda


Ukraina Orsýetden satyn alynýan gazy her ýylda 12 milliard kubometre çenli azaldyp biler.
Ukraina Orsýetden satyn alynýan gazy her ýylda 12 milliard kubometre çenli azaldyp biler.
Ýurduň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda ukrain häkimiýetleri Orsýetden alynýan tebigy gazyň satyn alnyşyny üzül-kesil azaltmak meýilleriniň bardygy barada habar berdiler. Eger-de energetika we kömür senagaty ministri Ýuriý Boýko gulak gabartsaň, ýurt ýene-de bäş ýyldan Orsýetden satyn alynýan gazy her ýylda 12 milliard kubometre çenli azaldyp biler. Geliň, şunam deňeşdirip göreliň: 2011-nji ýylda satyn alynjak gazyň çak edilýän möçberi 40 milliard kubometr töweregidir.

Ukrainanyň häkimiýetleri özleriniň Orsýetden energetika baglylygyny kemeltmek islegleriniň ýangyja bolan bahanyň ýokarylygy bilen düşündirýärler. Hasap-hesibiň kada-kanuny Ukrainanyň ozalky hökümeti tarapyndan tassyklanylypdy. Hut şol şertnama gol goýandygy üçin häzir ozalky premýer Ýuliýa Timoşenko jenaýat işi boýunça jogapkärçilige çekilýär. Ýurduň häzirki häkimiýetleri bolsa, hereket edýän şertnamalara täzeden seretmegi gazanmak isleýärler.

Garaşsyz analitik Aleksandr Razuwaýewiň bellemegine görä, "Gazproma" şunuň ýaly talap bildirýänleriň arasynda Ukraina ýeke däldir:

—"Gazpromuň" baha hasap-hesibi nebit we nebit önümleriniň bahalary bilen bagly diýip düşünmeli. Gazyň bahasy nebitiň bahasynyň yzyndan 6-9 aý soň ýöreýär. Liwiýadaky ýagdaýlar zerarly, şu ýyl nebitiň bahasy ýokary, şonuň üçin-de sarp edijileriň hemmesi kösenýär. Onsoň, sarp edijileriň hemmesi "Gazpromdan" satyn alýan gazyny, mümkingadar, azaltmaga çalyşýarlar. Ukraina-da satyn alýan gazynyň möçberini kemeltmegiň hasabyna öz çykdajylaryny azaltmaga çalyşýar...

Ukrainanyň ministri Orsýetden satyn alynýan gazy kemeltmek barada aýtmak bilen, onuň ornuny milli energetikada deňagramly saklamak boýunça tutuş programmany hödürledi. Bu programmanyň esasy punktlary — hereket edýän senagat önümçiliginiň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmakdan, öz slanes (gatlakly dag jynsy) gazlaryny çykarmagy artdyrmakdan, şonuň ýaly-da elektroenergetikany kömür generasiýasyna bölekleýin geçirmekden ybaratdyr.

Ýöne, ekspertleriň pikiriçe, bu planlaryň barysy gyssagara perspektiwada mümkin däl. Orsýetiň milli energetika howpsuzlygy gaznasynyň baş direktory Konstantin Simonowyň aýtmagyna görä, kömür ulanylmagynyň artdyrylmagy hususan-da, Ukrainanyň Ýewropa birleşmeginiň (integrasiýa edilmeginiň) üstünden atanak çeker:

—Ýewropa kömür ulanmakdan arany açmak isleýär. Bu näme sebäpden şeýle bolýar? Eger-de biz kömür stansiýasyny gaz bugly turbina bilen çalyşsak, onda kömürturşy gazyň zyňyndylary 70 prosent azalýar. Parnik gazlarynyň emissiýasy zerarly, global ýylylygyň çoçgaryna çolaşan Ýewropa üçin, munuň özi boş warsaky däldir.

Eger-de, hakykatdan-da ýurt kömür generasiýasyna geçip ugrasa, onda Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk hakdaky gepleşikleri başa barmaz. Brýussel gaty basym Kiýewiň ýeňsesinden südürlär. Şonuň üçinem Ukrainada hiç kimiň kömür generasiýasyna geçmejegine doly güwä geçýän — diýip, Konstantin Simonow aýdýar.

Ekspertler slanes gazynyň çykarylyşyny artdyrmak meýliniň-de şundan enaýy däldigini aýdýarlar. Ýogsa, "Ukraina slanes gazynyň gorlary boýunça Ýewropada öňdäki hatarda" diýip, Kiýewde aldygyna tekrarlaýarlaram.

—Munuň özi, bütinleý bolmajak zatdyr. Birinjiden, önümiň özüne düşýän gymmatyna üns beriň. Ikinjiden, şu-da iň esasy zatdyr — ekologiki töwekgelçilikler örboýuna galýar. Daş-töweregiň zäherlenilip çykyljagynyň ujy iki däldir... Şonuň üçinem bu aýdylan zatlary çynlakaý hasaplamaýaryn. Slanes gazy "Gazpromuň" gazynyň deregini tutup bilmez — diýip, Aleksandr Razuwaýew aýdýar.

"Munuňam üstesine, Ukrainanyň häzir zerur bolan burawlaýjy tehnologiýalary ýa-da olary satyn alar ýaly serişdeleri ýok" diýip, Konstantin Simonow onuň üstüni ýetirýär.

Ukrainanyň häkimiýetleriniň energiýa tygşytlamak programmasynyň hasabyna gaz ulanmagy görnetin azaltmak, ýurtda işleýän senagat kärhanalarynyň energiýa kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak baradaky umytlary-da juda jedelli görünýär. Emma Konstantin Simonowyň sözlerine görä, bu zatlaryň sebäbi tehnologiýa bilen bütinleý bagly bolman, eýsem, syýasat bilen baglanyşyklydyr.

—Teoretiki jähtden Ukraina gazyň sarp edilişini kemeldip bilerdi, sebäbi ýurduň senagaty köplenç halatda köne sowet bazasynda işleýär. Ýöne ýurtda gazyň sarp edilişini kemeltmek bu ýönekeý ýekeje sebäp bilen başa barmaz: ukrainaly biznesmenler energiýa kuwwatlylygyna maýa ýatyrman, Ýanukowiçiň häkimiýet başyna gelmegi üçin çykdajy baryny etdiler. Şonuň üçinem häzir olaryň ýanyna gelip: "Ýigitler, önümçiligi modernizasiýa etmäge maýa goýasyňyz gelenokmy?" diýlip soralsa, onda olar şeýle jogap berer: "A-how, siziň aňkaňyz aşdymy? Biz siziň häkimiýet başyna gelmegiňiz üçin çykdajy baryny etdik! Diýmek, onda biziň pulumyz ýele sowrulypdyr-da!? Çünki energiýa kuwwatlylygy meselesi boýunça biz Ýuşşenko bilenem işleşip bilerdik". Başgaça aýdanyňda, ýagdaý ýönekeýiňem ýönekeýi. Ukrainaly senagatçylar Ýanukowiçiň häkimiýet başyna geçmegi üçin pul baryny dökdüler. Indi ol şol pullary ödemeli bolar. Nädip ödemeli? Moskwa gitmeli-de, gazy arzan bahadan aljak bolmaly — diýip, Konstantin Simonow pikir ýöredýär.

Herhal, Ukrainanyň we beýleki ýurtlaryň Orsýetiň gaz şertnamalarynyň bahasynyň ýokarylygyndan närazy bolmagyny "Gazpromda-da" ahyr eşiderler diýlip garaşylýar. Çünki bu şertnamalar bir saparlyk söwda bazaryndan ýa-da spot şertnamasyndan göz-görtele tapawutlanýar.

Garaşsyz analitik Aleksandr Razuwaýew Orsýet monopolistiniň ýakyn wagtlarda öz baha syýasatyny üýtgedäýmeginiň mümkindigini tassyklaýar.

—"Gazpromuň" ýolbaşçylarynyň araky beýanatyndan çen tutsaň, konserniň öz bahalaryny nebitiň bahalaryna daňmakdan ýüz öwürmegi göz öňünde tutýan bolmagy mümkin. Şonda munuň özi nebit bazaryndan aýrylan nähilidir bir başgaça gaz bazary bolar. Eger şu şeýle bolsa, onda gazyň bahasy pese gaçaýmaly. Onuň bahasy spot bahalaryna golaýlaşar. "Gazprom" tarapyndan şeýle beýanat edilen bolsa, onda, meniň pikirimçe, olar gepleşiklerde nähilidir bir çözgüt görnüşinde orta çykar. Ýöne bu zatlar, megerem, indiki ýylda bolar — diýip, Aleksandr Razuwaýew çaklaýar.

Emma Ukrainanyň Orsýet gazynyň bahasynyň peselmegine garaşmazlygy-da mümkin. Orsýetiň milli energetika howpsuzlygy gaznasynyň baş direktory Konstantin Simonowyň aýtmagyna görä, Kiýewiň gaz satyn almagyň möçberlerini azaltmak baradaky beýanaty — bu diňe Orsýete nobatdaky basyşy etmäge synanyşykdyr we ýurtlaryň arasyndaky täze gaz dawasyna başlamaga bahanadyr.

Konstantin Simonow şeýle gaz urşunyň islendik wagt başlanmagynyň mümkindigini aýdýar.

—Näme üçin ähli dawa-jenjel ýylyň ahyryna gabat gelýär? Sebäbi nobatdaky şertnamalaryň hereketi 31-nji dekabrda gutarýar. Häzir nämeler bolup biler? Meniň pikirimçe, Basman sudundan birjik-de tapawutlanmaýan Kiýewiň sudy ýerine ýetiriji häkimiýetiň buýrugy boýunça karar çykarar. Şol karara laýyklykda-da Timoşenkonyň Orsýet bilen şertnama baglaşmaga buýruk bermäge ygtyýary ýok diýlip, netije çykarylar.

Şeýlelikde, şertnamanyň 31-nji dekabrda däl-de, eýsem, Kiýewiň sudunyň karary esasynda islendik wagtda gutarmagy mümkin. Munuň özi Ukraina gaz satmaga esasyň ýokdugyny aňladar, Ukrainanyň territoriýasy arkaly beýleki ýurtlara-da gaz ibermäge esasyň ýokdugyny aňladar. Şunuň ýaly ýagdaýda "gaz urşunyň" turjagynyň ujy iki däldir — diýip, Konstantin Simonow aýdýar.

Şol bir wagtda Kiýewdäki sudda ozalky premýer Ýuliýa Timoşenkonyň garşysyna jenaýat işine seredilmegi dowam edýär. Hökümiň haçan çykaryljakdygy barada häzirlikçe hiç hili habar ýok.

Iwan Trefilow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG