Sepleriň elýeterliligi

Batyrma türkmenleriň iň bir arzan düşýän nahary. Bu nahar esasan garyp gatlagyň nahary. Örän tagamly bolýandygyna seretmezden, batyrmany mydama çişlik, manty iýip ýören gurpluja maşgalalar kän bir iýmeýärler.

Batyrma bişirmek üçin esasan, pomidor, bulgar burçy, sogan, badam, ýag gerek. Ýagdaýyň ýetse, et bilen kartoşka atsaň-da, bu nahar tagamly bolýar.

Her ýylda aýlyklaryň on prosent galdyrylyp durlan şu zamanynda batyrma bişirmek üçin näçe çykdaýjy edilýärkä? Muny hasaplap görmek türkmenistanlylaryň sosial hal-ýagdaýynyň nähiliräkdigine göz ýetirmäge kömek eder.

Batyrma bişirmek üçin gerekli gök önümleriň iň bir arzanlaýan döwri bolan tomus döwründäki nyrhlar boýunça bu naharyň näçä düşýänligini anyklap görmek gyzykly bolsa gerek. Üç-dört çagaly öýde batyrma bişirmek üçin bir manatlyk pomidor (bir kilogramdan gowrak), ýarym manatlyk bulgar burçuny, ýarym manatlyk badam almaly. Badam bilen bolgar burçunyň ikisiniň bahasy bir manat bolýar. Bahasy iki manat bolan kartoşkadan bir kilogram goşmaly. 250 gram et —(dört manat) , ösümlik ýagyndan 300 gram — (2 manatlyk), sogan 300 gram — (bir manat). Bu zatlaryň jemi bahasy on manat bolýar. Ýagny, 4 amerikan dollary töwerek. Iň arzan nahary günde bir sapar iýmek üçin (çöregi hasaplamanyňda) türkmen maşgalasyna bir günde dört dollar, on günde kyrk dollar, bir aýda bolsa 120 amerikan dollary gerek.

Eger maşgalanyň her gün üç wagtyna naharlanmagy göz öňüne tutulsa, bu sanlar nämäni görkezer? Mesge, tüwi, gutap, manty hem iýmegiň gerekdigini gürrüň etsek, bu sanlar näçä ýeter? Ýedi-sekiz çagaly maşgalalara üç wagtyna naharlanmagyň gerekdigi hakda gürrüň etsek, sanlar nirä uçup gider? Nahar taýýarlamak üçin önümler gyşyna has-da gymmat bolýar. Maşgala diňe nahar iýip ýörmek bilen oňanok. Oňa egin-eşik, köwüş, gyş eşikleri, okuw esbaplary-da gerek. Käte gawun-garpyz iýmek, gazlyja suwlar hem içmek gerek. Jaý satyn almak üçinem birneme artdyrmaly. Däri-dermana-da sarp etmeli.

Türkmen maşgalalarynyň içinde ýüz amerikan dollary möçberinde aýlyk alýanlar örän kän. Iki ýüz dollarlyk aýlyk köplere ýetdirmeýär. Işsizleriň ýagdaýy hakda-ha gürrüňem etmäliň. Ýagdaý şeýle bolup durka, aýlyklaryň üstüne her ýyl on göterim goşup, munuň üçinem bütin ýylyň dowamynda halky alkyşly sözleri aýtmaga mejbur etmek örän ýakymsyz duýulýar.

Bu — gürrüňini eden naharymyň ady näme üçin batyrma? Bu nahary çemçe bilen iýilmeýär. Diňe çöregiňi batyryp iýmeli. Çemçe bilen iýseň, ol derrew gutarýar. Sebäbi gök önümleri ýaga gowrup, suw goşulman bişirilýän bu nahar bişýänçä, özünden çykýan suwlaryny çekip, azrak möçberde taýýar bolýar.

Dört çagaly öýde naharyň ýanynda günde iki sany çörek hem iýilýär diýip hasap etsek, onda batyrmanyň nyrhynyň üstüne ýene sanlary goşmaly bolar. Bir manada iki sany kiçijik türkmen çöregi düşýär. Dogrusy, bu çörekleriň birini daýawrak erkek kişiniň bir özi iýip bilýär. Şeýlelikde, şu kiçijik iki çöregiň bahasy bir manat. Olardan bir aýda az iýlende 30 manatlyk almaly bolýar. Bu hem on amerikan dollary bolýar. Batyrma üçin bir aýda çykarmaly 120 amerikan dollarynyň üstüne ýene 10 dollar goşsak, Türkmenistanda iň arzan nahar bilen iň az çöregi sarp edip, bir sapar naharlanmak üçin 130 amerikan dollary gerek. Nahary iki sapar iýmek isleýänler 260 dollary sarp etmeli bolýar, eger ertirlik hem küýselse… Elbetde, iýmeli bolar.

Bir aýda iň arzan nyrhda iýmek üçin (diňe iýmek üçin) dört çagaly maşgalalara 400 amerikan dollary gerek. Ine, aýlyk galdyrylanda şu zatlardan ugur almaly.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG