Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda 3,700 adam azatlyga goýberildi


Türkmen hökümeti 3,700 tussagy, şol sanda 30 sany daşary ýurt raýatyny azatlyga goýberdi. Bu sanlary ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni yglan etdi.

Telewideniýe arkaly eden çykyşynda Berdimuhamedow şeýle-de Türkmenistanda Oraza baýramyny belläp geçmek barada ýörite permana gol çekip, bu dini baýramyň belleniljek gününi, ýagny 31-nji awgusty dynç güni diýip yglan etdi.
XS
SM
MD
LG