Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Owganystana protest notasyny gönderdi


Ýekşenbe güni Pakistanyň hökümeti serhediň üstaşyry ýaragly hüjümçileriň amala aşyran hüjümlerine nägilelik bildirip, Owganystanyň hökümetine protest notasyny gönderdi.

Şenbe güni Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Hyber-Paktunkwa prowinsiýasynda serhet ýakadaky Hitral barlag punktuna Owganystan tarapdan ýaragly hüjümçiler hüjüm edip, Pakistanyň onlarça esgerini öldürdiler.

Pakistanyň resmileri bu hüjümde 25 esgeriň ölendigini aýdýarlar. Emma ýurduň habar agentlikleri käbir ýerli resmileriň sözlerine salgylanyp, ölenleriň sanynyň azyndan 35-digini habar berdiler.

Pakistanyň hökümeti ýaragly hüjümçileriň bu hüjümlerine ýol berenlikde Owganystan tarapyny aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG