Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tripolide gumanitar ýagdaýyň ýaramazlaşandygy aýdylýar


Liwiýanyň paýtagty Tripolide Muammar Kaddafini häkimiýetden çetleşdirmek boýunça amala aşyrylan harby operasiýalaryň yzy bilen, şäherde gumanitar ýagdaýyň örän ýaramazlaşandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Hususan-da, Liwiýanyň paýtagtynda häzirki wagt azyk, agyz suwy, däri-derman we elektrik ýetmezçiliginiň güýçli duýulýandygy habar berilýär.

Liwiýanyň oppozision söweşijileri indi Muammar Kaddafiniň dogduk şäheri Sirte şäherine hüjüm etmäge taýýarlyk görýändiklerini aýdýarlar. Muammar Kaddafiniň özüniň nirededigi henizem belli däl.
XS
SM
MD
LG