Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muşarrafyň emläginiň konfiskasiýa ediljekdigi aýdylýar


Ýekşenbe güni habar agentligi Pakistanyň sudunyň ýurduň ozalky prezidenti Perwez Muşarrafyň emlägini konfiskasiýa etmek barada karar çykarandygyny mälim etdi.

«Frans-press» habar agentliginiň Pakistanyň prokurory Çaudhri Azaryň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, sud Perwez Muşarrafyň Pakistandaky bank hasaplaryny doňdurmaklygy-da karar edipdir.

Häzirki wagt daşary ýurtlarda bosgunlykda ýaşaýan Perwez Muşarrafy Pakistanyň häkimiýetleri 2007-nji ýylda ýurduň ozalky premýer-ministri Benazir Bhuttonyň öldürilmegi bilen baglanyşykly işde aýyplaýarlar.

Pakistanyň prokuraturasy Perwez Muşarrafy Benazir Bhuttonyň howpsuzlygyny talabalaýyk üpjün etmezlikde aýyplap, şu ýylyň fewralynda onuň tussag edilmelidigi barada order çykarypdy.
XS
SM
MD
LG