Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Liwiýanyň ýarag gorhanasyny öwrenýär


Muammar Kaddafiniň weýran edilen berkitmesi, Tripoli, 26-njy awgust.

Muammar Kaddafiniň weýran edilen berkitmesi, Tripoli, 26-njy awgust.

Liwiýaly gozgalaňçylaryň Tripoliniň gündogarynda Muammar Kaddafiniň güýçleri bilen söweşýän we nirelerdedir bir ýerlerde gizlenýän diktatory gözläp ýören mahaly ABŞ indi alty aý bäri graždanlyk urşunyň dowam edýän ýurdunda köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň we adaty ýaraglaryň hasap-hesibini anyklamaga çalyşýar.


Obamanyň administrasiýasy Liwiýanyň territoriýasyndaky bar bolan gaýtadan işlenilmedik ýadro materiallarynyň we ölüm howply himiki maddalaryň howpsuz ýerde saklanýandygyna bil baglaýar.

Henize çenli Muammar Kaddafiniň düzgüniniň ýykyljak-ýykyljak şertlerinde köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň terrorçylaryň eline düşer ähtimallygy bardy. Emma Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nulandyň habar bermegine görä, ynjalyksyzlanara onçakly esas ýok. Sebäbi baryp 2003-nji ýylda Kaddafi Günbatar bilen gatnaşyklaryň maýylganlaşmagynyň hasabyna özüniň ýadro programmasyndan resmi taýdan ýüz öwrüpdi.

—Liwiýanyň ýadro programmasynyň iň möhüm düzüji zatlary, şol sanda pakistanly ýadroçy Abdyl Kadyr Hanyň ulgamyndan düşenleri-de 2004-nji ýylda yzyna alnypdy. Ýadro bombasyny taýýarlamak üçin zerur bolan ýokary derejede baýlaşdyrylan uranyň iň soňky tapgyry 2009-njy ýylda Liwiýadan çykaryldy. Ýurtda entegem uran konsentratynyň ätiýaçlary bar. Ol Tajurdaky ýadro barlag obýektinde howp-hatarsyz şertlerde saklanylýar. Häzir Liwiýanyň bu konsentraty has howply esasa öwürmäge ýagdaýy ýok.

Muammar Kaddafide şonuň ýaly-da käbir möçberde söweşjeň toksiki (awuly) madda bolan iprit (zäherleýji madda) hem bardy. Bu madda häzir Waddandaky harby enjamlar ammaryndaky polat konteýnerlerde saklanylýar. Olar gabaraly bunkerlerde ýerleşdirilendir we himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça halkara guramasy tarapyndan möhürlenendir. Biziň hasaplamalarymyza görä, ipritiň zapasy howpsuz-hatarsyz ýagdaýda saklanylýar, şonuň bilen birlikde-de olara milli tehniki serişdelerimiz arkaly gözegçilik etmäge-de ýagdaýymyz bar — diýip, Wiktoriýa Nuland ynandyrdy.

Asmana atyjy göçme raketa kompleksleriniň ykbaly doly aýdyň däl. Dürli hasaplamalara görä, olaryň Liwiýada 15-den 25 müňe çenlisi ýygnanan bolmaly. Şeýle kompleksler howadaky nyşanalary, aýratynam wertolýotlary ýok etmek üçin iňňän netijeli serişde hasaplanylýar.

Mundan ozal Amerikanyň razwedka we terrorçylygyň garşysyna göreşiji gulluklary Döwlet departamentiniň Liwiýadaky şu ýaraglary tapmak we satyn almak boýunça ýeterlik işjeňlik görkezmändigi üçin olary tankytlapdy.

Çaklamalara esas

“Associated Press” agentligi ady tutulmadyk iki sany amerikan resmisine salgylanmak bilen soňky döwürde asmana atyjy göçme raketa kompleksleriniň Ýakyn Gündogaryň regionyndaky gara bazarda bahasynyň aşak düşendigini, şeýle bolansoň, olaryň bir böleginiň şu bazara Kaddafiniň gorhanasyndan düşen bolmagyny çaklamaga esas berýär diýip, habar berýär. Şonuň bilen birlikde gürrüňi edilýän ýaraglaryň “Al-Kaidanyň” terrorçylarynyň eline düşme alamatlary häzirlikçe anyklanylanok. Çeşmeleriň tassyklamagyna görä, şu mesele Obamanyň administrasiýasyna ölüm howply, şonuň bilen birlikde-de düşewüntli satylýan ýarag enjamlaryny tapmak we zyýansyzlandyrmak üçin Liwiýa adam sanyny goşmak bilen köpräk resurslaryň iberilip-iberilmezligine çekişmäniň esasy boldy.

Ak Tam amerikan harby gullukçylarynyň Liwiýa iberilmegini aradan aýyrýar. Şol ady nämälim resmileriň maglumatlaryna görä, administrasiýa razwedka bileleşiginiň wekilleriniň MAG-niň (Merkezi aňtaw gullugy) gizlin agentleriniň çäklendirilen missiýasyny Liwiýanyň gozgalaňçylaryna hemaýat etmek boýunça çagyryşlaryna hä berenok. Ýogsa çäklendirilen missiýa Liwiýanyň raýatlaryny goramak boýunça BMG-niň sanksiýa girizen mandatyna düşenok. Öz ýörite gulluklarynyň onçakly az hem bolmadyk wekillerini Liwiýa iberen koalisiýa boýunça käbir Ýewropa soýuzdaşlaryndan tapawutlylykda ABŞ şu ýurtda razwedka işini, esasan, pilotsyz uçarlaryň, hemralaryň we razwedkaçy uçarlaryň kömegi arkaly amala aşyrýar.

Döwlet departamentiniň wekili Wiktoriýa Nuland amerikan administrasiýasynyň Muamar Kaddafiniň düzgüni tarapyndan toplanan käbir adaty ýaraglaryň regiona ýaýramak mümkinçiligine alada bildirýändigini aýtdy.

—Esasy howsala asmana atyjy göçme raketa kompleksleri bilen baglanyşykly. Biz häzir asmana atyjy göçme raketa kompleksiniň başga tarapa gidip biläýjek ýa-da gidäýen her bir pursady ýüze çykarmaga çalyşmak maksady bilen Liwiýanyň milli geçiş soweti, şonuň ýaly-da, onuň region boýunça goňşulary bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Men häzir bu meseläni änigi-şänigi bilen düşündirip bilmerin. Megerem, ony hiç kimem düşündirip bilmez. Muammar Kaddafi öz işiniň şu tarapy barada anyk pyşgyryp ýörmezdi — diýip, Wiktoriýa Nuland aýdýar.

Şonuň bilen birlikde 25-nji awgustda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Liwiýanyň ilatynyň gumanitar we graždan zerurlygyny kanagatlandyrmak üçin doňdurylyp goýlan Liwiýa serişdeleriniň bir bölegini boşatmak kararyna geldi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Liwiýanyň serişdelerinden bir ýarym milliard dollary goýbermek baradaky karary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 8-nji awgustdaky haýyşyna jogap boldy. Munuň özi, ABŞ-nyň maliýe sistemasynda saklanylýan, Liwiýanyň 30 milliard dollar aktiwleriniň diňe bir bölegidir. Şeýle karar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Günorta Afrika Respublikasy bilen oňşukly ylalaşyga gelenlerinden soň kabul edildi. Sebäbi Günorta Afrika Respublikasy şeýle ädime garşy bolupdy.

ABŞ-nyň BMG-däki wekili Sýuzan Raýsyň beýanatynda aýdylyşyna görä, Liwiýanyň serişdelerinden bir böleginiň goýberilmegi “halkara jemgyýetçiliginiň häzirki taryhy pursatda bu ýurduň edermen halky bilen raýdaşdygyny görkezdi”.

Allan Dawydow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG