Sepleriň elýeterliligi

Ýykylyşyklar haçana çenli dowam eder?


Çoganlyda ýykylan jaýlaryň ýeri boşap galdy, 2011-nji ýylyň awgust aýy.

Çoganlyda ýykylan jaýlaryň ýeri boşap galdy, 2011-nji ýylyň awgust aýy.

Aşgabat şäherini özgerdip gurmak maksady bilen 2000-nji ýyllarda başlanan ýaşaýyş jaý ýykyşlygy öz möçberini barha giňeldýär. Bu çäre şäheriň çäklerinden çykyp, 1995-96-njy ýyllarda bölünip berlen we ilatyň az bolmadyk zähmet we serişde siňdiren daça ýerlerini hem öz içine alyp, uly weýrançylyklara getirdi.

Aşgabatly pensioner Myratberdi aga, häkimiýetler tarapyndan oýlanyşyksyz edilýän bu ýykan-ýumrançylyklaryň hiç bir adamkärçilige, kada-kanuna sygmaýandygyny aýdýar.

Döwlet başyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelmegi bilen hem jaýlaryň ýumrulmagy togtadylmady. “Nyýazowyň döwründäki ýaly, ýaşaýyş jaýlary şäheriň ähli ýerlerinde ozalkysy ýaly rehimsizlik bilen ýykylýar we jaý eýelerine rehimsizlik bilen daramaklyk, dürli bahanalar bilen ilata ýaşaýyş jaýynyň berilmezligi dowam edýär” diýip, Myratberdi aga aýdýar.

Berdimuhamedow döwlet başyna geçende, onuň “Ilata jaý bermän, jaýlary ýykmaň” diýip beren görkezmesinden soň, jaýsyz galmakdan howatyrlanýan ilat köpçüliginde biraz rahatlyk peýda bolupdy.

“Emma 5 ýyla golaý wagtyň geçendigine seretmezden, gowulyga tarap kän bir üýtgän zat bolmady. Bir üýtgän zat — Nyýazowyň döwri bilen deňeşdireniňde ýaşaýyş jaýyny almaga degişli adamlara ilki jaý berip, soň jaýlaryny ýykýarlar” diýip, Myratberdi aga sözüniň üstüne goşdy.


Çoganlyda ýykylan jaýlaryň ýeri boşap galdy

Şäheriň çäklerinde bar bolan tipli jaýlaryň ýykylyp aýryljagyna indi ýaşaýjylar doly göz ýetirýärler. Emma şäheriň Çoganly massiwindaky tipli ýaşaýyş jaýlaryň hem birnäçesiniň ýykylmagy, Aşgabat-Daşoguz magistral ýolunyň ugrundaky daçalaryň ýykylyp aýrylmagy ilat köpçüligini alada goýýar.

Myratberdi aga täze açylan “Altyn asyr” söwda bazaryna golaý ýerleşýän daçalary bazaryň açylyş dabarasyna prezidentiň gelmegi bilen baglanyşykly ýykandyklaryny, bu ýykylyşygyň prezidentiň göwnünden turmandygy barada ilat arasynda dürli gürrüňleriň bardygyny aýdýar. Emma hiç bir kompensasiýa tölenmedik daça eýelerine haýsydyr bir kompensasiýa tölemek meselesini prezident hem şu güne çenli orta atmady.

“Öz töweregindäki emeldarlaryň göz-görtele bikanun işler edýändigine döwlet baştutany göz ýetirse-de, edilen bikanunçylyklar düzedilmeýär” diýip, Myratberdi aga nygtady.
Köp gatly jaýlarda ýaşaýan köp çagaly maşgalalar, jaý meselesinde häkimliklerden goldaw bolmandan soň, öz ýaşaýyş jaý meselelerini esasan daça jaýlarynyň hasabyna çözýärdiler.

Myratberdi aganyň aýtmagyna görä, ýüzlerçe daçalaryň ýykylmagy müňlerçe adamlary ýene-de ýaşaýyş jaýsyz goýdy.

“Deňinden geçeniňde, ilatyň maňlaý deri bilen ýetişdiren baglarynyň gurap galandygyny, musulman ymmatynyň uly sarpa goýýan ojakdyr tamdyrlarynyň garalyp durandygyny göreniňde, “Döwlet - adam üçindir” diýip magtanmagy oňat görýän döwlet ýolbaşçylaryna “Bu jaýlarda ýaşan we öýsüz-öwzarsyz galan adamlar adam dälmidi? Garalyp galan ojaklar, tamdyrlar siziň ýüregiňize rehim-şepagat guýmaýarmy?” diýesiň gelýär” diýip, Myratberdi aga aýdýar.

Şu gün ýaşap oturan öýüňden seniň erte-birigün girip-çykjagyň gümana. Ony diňe häkimiýetler bilýärler. Olaryň bolsa ýönekeý raýatlaryň hak-hukuklaryny haçan doly gaýtaryp berjeklerini hiç kim bilmeýär.

Aşgabat şäherinde gurlan we gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň sany sanardan köp. Olaryň ençemesiniň boş durandygy barada aýdýanlar hem bar.

Belki-de, bir pursat bolar, öz halkynyň hal-ýagdaýyna rehim edip, öýsüz-öwzarsyz galan adamlara döwlet ýolbaşçylary göz aýlarlar diýip umyt ediýändigini, häkimlikleriň deminden aman galan daçalaryň hem indi ýykylmajagyna ynam edýändigini Myratberdi aga sözüniň soňunda nygtady.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG