Sepleriň elýeterliligi

«Bagt öýi» bilen bagta ýetip bolarmy?


Aşgabat şäheriniň çet gyrasynda ýakyn günlerde ulanylmaga beriljek «Bagt köşgi»

Aşgabat şäheriniň çet gyrasynda ýakyn günlerde ulanylmaga beriljek «Bagt köşgi»

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy awgustda geçirilen mejlisinde ýakyn günlerde ulanylmaga beriljek «Bagt köşgüniň» açyljaklygy hakdaky hem-de mundan beýläk durmuş gurýan ýaş çatynjalara döwlet tarapyndan ýeňillikli karz serişdelerini bermek meselesi orta atyldy.

«Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa we Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe ýüzlenip, birinjiden, ýaş maşgalalara, aýratyn-da ýaňy durmuş guran ýaş çatynjalara berilýän kömek hökmünde olaryň özleri üçin iň zerur bolan zatlary satyn almaga mümkinçilikleri bolar ýaly, döwlet tarapyndan ýeňillikli karz serişdelerini bermek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy. Ikinjiden bolsa, ýaş maşgalalar ýaşaýyş jaýyny gurup ýa-da satyn alyp biler ýaly, olaryň nobatdan daşary ýeňillikli karz serişdelerini alyp bilmekleri üçin hem mümkinçilik döretmeli diýdi» diýip, «Türkmen döwlet habarlar» gullugynyň ýaýradan maglumatlarynda aýdylýar.

Eger, şu aýdylýan zatlar hakykatdan-da çyn bolsa, onda türkmen ýaşlarynyň bagtynyň mundan beýläk açyljakdygyna ynanyp bolar. Ýaşlar üçin şeýle zatlary edip bilse, döwletimiziň örän gowy iş etdigidir.

Ýöne häzir Türkmenistanda gazete ýazylýan ýa-da Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdylýan her bir zada ynanyp bolmaýandygyna halk öwrenişdi. Eýsem-de bolsa, Ýaşulularyň Daşoguz maslahatynda «Köp partiýalary, erkin metbugaty döretmäge wagt ýetdi» diýilmedimi? Diýildi. Hany onda olar? Olar ýok. «Her welaýatda açylan täze etrapda ýaşlar ýaşar ýaly, jaý gurmaga ýeňillikli kredit berilmeli» diýilmedimi? Diýildi. Ýöne sada halk köpçüliginden heniz şol etraplardan jaý saldyrmaga ýa-da banklardan ýeňillikli karz almaga mümkinçilik tapanlar ýok.

Ýaş çatynjalara beriljek bolunýan ýeňillikli karz hakdaky gürrüňler nobatdaky saýlawlara barylýan ýoldaky agyz suwartma meňzeýär. Goý, şol karzyň beriljegi çynmyş diýeliň, ýöne ol karz kime berler? Elbetde, karzy üzüp biljek ýaşlara. Alnan karzy üzmek üçin karz alýanyň işi bolmaly. Türkmenistanda bolsa ýaş juwanlaryň aglabasy işsiz. Işleýänleriň gazanjy hem jaý üçin alynjak karzy üzer ýaly däl. Häzir jaýlar örän gymmat gurulýar. «Elita» diýilýän jaýlary alanlaryň hem köpüsi jaý töleglerini töläp bilmän, alan jaýlaryny yzyna tabşyrmaly bolýarlar. Ýurt şeýle ýagdaýdaka hiç ýerde işlemeýän, ýa-da işlese-de, örän ujypsyz aýlyk alýan ýaş çatynjalar jaý üçin gerekli karz puly üzüp bilermi? Ýaş çatynjalar üçin beriljek ýeňillikli karz serişdeleri hem diňe wezipeli adamlaryň çagalaryna hezil beräýmese.

Köşkler we köşkler

«Täze açylýan «Bagt köşgünde» 7 sany zal, şol sanda «Altyn zal» bolup, olarda ýaş çatynjalara ýokary hilli hyzmat ediler. Şeýlelikde, «Bagt köşgünde» bir wagtyň özünde ýaş çatynjalaryň ýedi sanysyna nikadan geçmekleri üçin mümkinçilik dörediler» diýlip, «Türkmen döwlet habarlar» gullugynyň ýaýradan habarynda ýakyn günlerde açyljak nika öýi bolan «Bagt köşgüniň» tarypy ýetirilýär. Şeýle hem «Bagt köşgi» merkezi durmuş gurýan ýaş çatynjalaryň egin-eşigini saýlap almakda maslahat bermek, şeýle hem toý ulaglaryny, toý geçirilýän ýerleri ýokary hilli bezemek boýunça hyzmatlary hem hödürlejek, ýurdumyzyň meşhur estrada aýdymçylarynyň we halk bagşylarynyň, tansçylarynyň, alypbaryjylaryň we beýleki döredijilik işgärleriniň çykyş etmekleri gurnaljak.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň çet gyrasynda, Eýran bilen serhetleşýän Köpetdagyň eteginde (şäherden gaty uzak) gurlan «Bagt köşgüne» elbetde, uzak görmediklerden baran tapylar. Ýöne örän gymmat pullara düşýän şeýle «Bagt köşgüniň» zerurlygy nireden döredi? «Bagt köşgi» Aşgabatda öň hem bar. Ony Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow gurdurdy hem-de oňa öz ejesiniň adyny dakdy.

Ikinji bir «Bagt köşgi» gurlandan, belki, ýaş çatynjalar üçin jaý gurlan bolsa, döwlet halkyň gözüne has mähribanrak görnerdi. Ýaşamaga jaýlarynyň ýoklugy sebäpli öýlenip bilmän ýören ýaş ýigitleriň, durmuş gursalar-da aýrylyşyp gidýän gelinleriň sanyny dogry ýöretse-de, şu ýagdaýy öwrense-de, döwletiň uly iş etdigi bolardy. Halk döwletden täze tipli jaý ediner ýaly ýeňillikli karz almag-a beýlede dursun, öýerjek ogullaryna saman jaýy salmak üçin mellejik alyp bilse-de razy. Karz berlende näme, jaý salmaga ýer berilmese. Ýigrimi ýyl bäri indi halka mellek-de berlenok, jaý-da. Diňe ýalan bilen ýol almaga ýykgyn edilýär.

Täze «Bagt köşgüniň» gurulmagynyň aňyrsynda syýasat hem ýatyr — öňki «Bagt köşgünden» Gurbansoltan ejäniň adyny aýyrmaly. Ony göni aýyrsaň, halkyň arasynda gürrüň köpeljek. Soňky döwürde Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň hossarlarynyň adyny edara-kärhanalardan ýagdan gyl sogran ýaly edip aýyrmaga meýil güýçlenýär.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG