Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

M. Annamämmedow: "Kalbymda türkmeniň ruhy ýaşaýar"


Myrat Annamämmedow
Myrat Annamämmedow
Türkmen ýigidi Myrat Annamämmedow Russiýa Federasiýasynyň Ýaroslawl şäherindäki akademiki simfoniki orkestrine ýolbaşçylyk edýär. Onuň durmuş ýoly hem döredijilik işleri barada ýazyjy Hudaýberdi Hally gürrüňdeşlik geçirdi.

H. Hally: Myrat, meniň ilkinji sowalym Watan bilen baglanyşykly. Haýsy ykbal seni ol toprakdan aýryp, Russiýa Federasiýasyna getirdi?

M. Annamämmedow: Ykbal şeýle boldy. Moskwa konserwatoriýasynda okanymda, hiç haçan Türkmenistandan giderin diýip oýlanmandym. Milli simfoniki orkestriň döremegine peýda getirerin diýen pikirem ýokdy. Watana bardym, işledim. Işimi ýamanam görmediler, öwdüler. Ýöne öz professional işimizi kadaly ugrukdyrmak üçin, talaplarymy öňe sürüp başlanymda, kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldum. Mesele Medeniýet ministrliginiň derejesinde goýuldy. Ministrilikde Kollegiýa diýilýän bir topar bardy. Ministriň hut özi meniň tekliplerim hem talaplarym bilen ylalaşdy. Ýöne ondan pesdäkiler, şol kollegiýa agzalary närazylygyny bildirip, “bu nämä gerek?” diýip başladylar. Garaz, maňa işlemäge päsgel berdiler.

H. Hally: Aslynda seniň maksadyň nämedi?

M. Annamämmedow: Men bar ukybym bilen Türkmenistanda hakyky, ajaýyp orkestriň bolmagyny isledim. Men ony döredip bilerdim. Sebäbi biziň ilkinji ädimlerimiz erbet däldi. Gerekli sazandalary toplapdym. Orkestri doldurypdym. Biz örän çynlakaý sazlary çalyp başlapdyk. Bir gezek hatda beýik Weli Muhadowyň awtorlyk konsertini ýerine ýetirmek isledik. Ol bolsa “bu mümkin däl, bizde gowy orkestr ýok” diýdi. Men oňa: “Siz biziň repetisiýamyza geliň. Ol size ýaramasa, biz ony çalmasyr” diýdim. Ol gelip, diňläp gördi. “Biziň şeýle orkestrimiz barmydy?!” diýip geň galdy. Ýagny gowy netijeler eýýäm bardy.

H. Hally: Onda näme? Işläberseňiz bolmadymy?

M. Annamämmedow: Ýöne bu işjeň hereket etmeli adamlara, munuň üçin wagt ýitirjeklere ýaramady. Şonuň üçinem şeýle ýagdaý döredi – ylalaşyjylyk. Maňa: “Sen öz ýeriňde arkaýyn işläber, seniň işiňden biz razy. Aýratyn bir iş etmek hökman däl ” diýen alamaty duýdurdylar. Şondan soň meniň hiç kime öz tekliplerimi aýdasym gelmedi. Eger meniň talaplarym zerur bolmasa, onda orkestri çalyşmaly diýen karara geldim.

Ýuwaşlyk bilen, hiç bir dawasyz, goh-galmagalsyz Türkmenistanyň simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy wezipesinden çekilip, Russiýanyň Medeniýet ministrligine öz hyzmatymy teklip etdim. Maňa Saratowyň ýa-da Ýaroslawlyň orkestrlerinden birini saýlamagy maslahat berdiler. Bu 84-nji ýylda bolupdy, men Saratowy saýlap aldym.

H. Hally: Elbetde, sen sungat adamy. Alan bilimiňi, öwrenen hünäriňi ýitirmezlik üçin, nirede-de bolsa işlemeli. Başgaça aýdylanda, nirede bolsaň-da, sungata hyzmat etmeli.

M. Annamämmedow: Hawa, hawa.

H. Hally: Seniň indi Orsýetde işläp ýöreniňe çärýek asyrdan gowrak wagt geçipdir. Bu döwürde seni Türkmenistan bilen näme baglanyşdyrýar?

M. Annamämmedow: Ilki bilen men özümi türkmen saýýan. Men – türkmen, özümiň türkmendigimi hiç haçan unutmaýaryn. Meniň öz otagym – iş kabinetim türkmen öýi hasaplanýar. Meniň türkmen halym bar, bir hudožnige 6 sany kartina çekdirdim, olar dürli türkmen rowaýatlaryna bagyşlanan. Mende Ýartygulagyň suraty bar. Ahal-teke atlarynyň şekili, metjit, biziň bazarymyz we beýlekiler bar. Kalbymda türkmeniň ruhy ýaşaýar. Men özümiň türkmenligime şükür edýän. Elbetde, Türkmenistanda ýaşaýanlar bilen gatnaşygym bar. Aram-aram jaňlaşyp durýarys. Men köp wagtlap Türkmenistanda bolmandym, soňky döwürde iki gezek ol ýere konsert bermäge bardym. Men Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Günlerine gatnaşdym. Men muňa gaty şatlandym. Ine, ýagdaý şeýleräk.

H. Hally: Türkmenler ýurduň daşynda-da azlyk däl. Ine, seniň golaýyňda Jahan Pollyýewa işläp ýör. Rus metbugatynyň ýazmagyna görä, ol goşgy ýazýarmyş hem romans döredýärmiş.

M. Annamämmedow: Hawa.

H. Hally: Biziň beýleki ildeşimiz, pianinoçy Bäşim Annagurdow hem daşary ýurtda. Oňa Ysraýylda diýýärler. Onuň bilen gatnaşygyň barmy?

M. Annamämmedow: Gynansak-da, ilki Jahan Pollyýewa barada aýtsam, ony Orsýetiň raýaty hökmünde tanaýan. Ol örän ýokary wezipede – prezident administrasiýasynda oturýar. Men onuň döredijiligi bilen gyzyklandym. Ol hakykatdanam zehinli, ol akylly hem ýeterlik bilimli ynsan. Russiýa Federasiýasynda türkmen gyzynyň şeýle derejelere ýetip bilmegine men örän şat. Bäşim Annagurdow barada aýdylanda, häzir biziň gatnaşygymyz ýok. Men bir gezek oňa jaň etdim, onuň gyzy ýa agtygy bilen gürleşdim. Ýöne özüne duşup bilmedim. Bäşimi men çagalykdan tanaýan. Olaryň maşgalasyny-da gaty oňat bilýän. Margarita Borisowna Farajowany, kakasy Mämmetdurdy agany tanaýan, olar örän ajaýyp maşgala. Men olary sylaýan.

H. Hally: Russiýa işlemäge gaýdan belli türkmen tenory Gurt Nazarow bilen gatnaşygyň nähili?

M. Annamämmedow: Gowy tenor Gurt Nazarow Aşgabada dolandy. Ol Krasnoýarskiniň opera teatrynda işläpdi, meniň bilen ýygy gatnaşyk saklaýardy. Soňra ol meniň maslahatym bilen Saratowyň teatryna geçdi. Şol ýerde köp ýyllap işledi. Elbetde, ol tüýs hakyky türkmen, Aşgabada dolandy, häzir konserwatoriýada sapak berýär.

H. Hally: Indi öz işleriň bilen baglanyşykly sowal. Seniň türkmen professional saz sungatynyň belli wekilleri barada kitap ýazandygyňy bilýäris. Öz ejeň, ilkinji türkmen professional pianinoçysy Gözel Annamämmedowa hakda gowy ýatlamalaryň bar. Saz sungaty hakda aýtsak, özbaşdak saz eserini döredip gördüňmi?

M. Annamämmedow: Bu meselede aýratyn hekaýa aýtmak gerek bolýar. Bir gezek men bir saz eserini ýazdym. Ol oňat görüldi. Ýöne genial Nury Halmämmedowyň täsiri bilen men şondan soň saz ýazmagymy bes etdim.

H. Hally: O nähili boldy?

M. Annamämmedow: Onda muny gysgaça aýdyp bereýin. Mümkinmi?

H. Hally: Elbetde, mümkin.

M. Annamämmedow: Men Aşgabatda işlän döwrümde döwlet simfoniki orkestriň baş dirižorydym. Şonuň üçin meni gurultaý geçende saz boýunça ýolbaşçy belleýärdiler. Ýokardan Orsýet barada aýdym bolmaly, onuň goşgusyny türkmen şahyry düzmeli, sazyny-da türkmen kompozitory ýazmaly diýip görkezme beripdiler. Konserte sanly gün galanda, režissýor O. Annadurdyýewa meniň ýanyma geldi. Ol belli aýdymçy Hojaw Annadurdyýewiň aýaly bolmaly. Ol: “goşgy taýýar, emma kompozitor saz ýazyp bilmedi” diýdi. Biz oňa-muňa ýüz tutduk, ýöne hiç kim boýun almady. Onsoň O. Annadurdyýewa maňa: “Sen saz ýolbaşçysy. Al-da özüň ýaz” diýdi. Menem oturdym-da ýazdym. Özüme ýarady. Ejeme aýdyp berdim. Olam: “Oglum, örän gowy” diýdi. Öz mugallymym Baýramdurdy Hudaýgulyýewiň ýanyna ylgadym. Oňa-da ýarady. Ýokardakylara Russiýa baradaky saz ýazyldy diýip, mälim etdim. Ýöne ertesi güni O. Annadurdyýewa gelip: “Birden senem ýazmasaň näderin diýip, saňa aýtman, arkaňdan Nury Halmämmedow bilenem gepleşipdim. Indi olam ýazypdyr. Sen haýsysynyň boljagyny özüň çöz. Belki, onuň bilen duşuşarsyň” diýdi. Men, elbetde, muňa gaty nägile boldum. Ýöne Nury Halmämmedowy çagyrdym. Nury Halmämmedow maňa döreden aýdymyny aýdyp berdi. Biraz oýlananymdan soň: “Nury, meniňki däl, seniň döredeniň bolar” diýdim. Sebäbi Nury genial kompozitor, hakyky saz döredipdir. Men muny häzir gülki bilen ýatlaýan. Şeýlelikde, Nury Halmämmedow maňa kompozitor bolmaga ýol bermedi. Muňa men örän şat, indi diňe dirižor bolup galdym.

H. Hally: Myrat, şeýle pikir bar. Simfoniki orkestri döretmek, ençeme sazandalar toparyny saklamak döwlet üçin gymmada durýar diýýärler. Bu hakykatdanam şeýlemi?

M. Annamämmedow: Islendik topary – kollektiwi saklamak, goý ol futbol topary bolsun, sazandalar topary bolsun, elbetde, pula durýar. Ýöne Türkmenistan ýaly baý hem işleri ugruna bolup barýan ýurt üçin, meniň pikirimçe, harjy meselesi barada gürrüňem bolup bilmez. Başga mesele bolup biler, öň olaryň bary ýapylypdy. Şondan soňra, gynansak-da gaty köp sazanda gitdi. Öz hünärini ýitirmezlik üçin, başga döwletlere gitdiler. Indi Türkmenistanda ýokary derejeli orkestri döretjek bolsaň, köp meseläni birden çözmeli. Muňa ýaş kadyrlary okatmak meselesi girýär. Kitaphana fondlaryny döretmek, hünärli dirižorlary tapmak, umuman, tutuş içerki gurluşy düzmek gerek.

H. Hally: Bu ugurda siziň özüňizden näme ýardam bolup biler?

M. Annamämmedow: Men belli bir teklipler bilen çykyş etdim hem Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyna öz tekliplerimi hödürledim. Ony barlap görýändirler diýip umyt edýärin. Bu öňräk bolupdy. Belki-de, olar peýdaly bolar.

Myrat Annamämmedowyň ömür ýoly barada gysgaça maglumat

Myrat Annamämmedow indi 36 ýyl bäri dürli saz toparlaryna dirižorlyk edip gelýär. Ol 1955-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Moskwa şäherinde dünýä indi. Onuň ejesi Gözel Annamämmedowa türkmen zenanlarynyň arasynda ilkinji bolup, Moskwa konserwatoriýasyny gutaran belli pianist hem pedagog bolupdy.

M. Annamämmedow Aşgabadyň sazçylyk uçilişesini, soňra Moskwa döwlet konserwatoriýasyny tamamlady. Täze döredilen Türkmen simfoniki orkestriniň dirižýory hem ony esaslandyryjylaryň biri boldy. Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäherindäki simfoniki orkestre ýolbaşçylyk etdi. Häzir Ýaroslawl şäherindäki akademiki simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy hem baş dirižorydyr.

M. Annamämmedow Russiýa Federasiýasynyň halk artisti, I. Arhipowa Fondunyň sylagyna hem Sobinow baýragyna eýe boldy.
XS
SM
MD
LG