Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýaly gozgalaňçylar Al-Megrahini bermekçi däl


Ýekşenbe güni liwiýaly gozgalaňçylar ýörite gullugyň öňki işgäri Abdelbasset al-Megrahä garşy gaýtadan sud prosesiniň geçirilmegi üçin ony daşary ýurda ibermejekdiklerini mälim etdiler.

Milli geçiş geňeşiniň adalat ministriniň sözlerine görä, al-Megrahi öň bir gezek sud edildi we ol gaýtadan sud edilmez.

Al-Megrahiniň saglyk ýagdaýy juda ýaramaz we ol ölümiň bäri ýanynda ýatyr diýip, Birleşen Ştatlaryň CNN telekanalynyň žurnalisti habar berdi. Ol Megrahini görüpdir.

Al-Megrahi 1988-nji ýylda Şotlandiýada ýolagçy uçarynda partlama gurnanlykda aýyplanyp, türmä basylypdy we iki ýyl mundan öň azatlyga goýberildi. Onuň rak keseli bar. Ol keseliniň howpludygy üçin Şotlandiýadaky türmeden boşadyldy. Soňra ol Liwiýa dolandy.

1988-nji ýylda Şotlandiýada Birleşen Ştatlaryň uçary partladylanda 270 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG