Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiniň 10 müň çemesi garşydaşy azat edildi


Liwiýaly gozgalaňçylar Tripolä gireli bäri, Muammar Kaddafiniň režiminiň garşydaşlaryndan 10 müň çemesi adam azatlyga goýberildi. Bu barada gozgalaňçylaryň wekili Ahmet Omar Bani aýtdy.

“Soňky aýlarda tussag edilen 57-60 müň adamyň ykbaly näbelli bolmagynda galýar. Men we egindeşlerim Kaddafiniň Liwiýada amala aşyran jenaýatlary üçin suda beriljekdigine umyt edýaris” diýip, Bani aýtdy.

Mundan öň gozgalaňçylar Kaddafiniň wekiliniň gepleşiklere çagyryşyny ret etdiler. Olar entek Kaddafi özüni tabşyrýança haýsydyr bir diýalogyň mümkin däldigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG