Sepleriň elýeterliligi

Bahreýn patyşasy proteste çykanlaryň günäsini geçýär


Bahreýniň patyşasy Hamadyň aýtmagyna görä, mart aýynda şaýylaryň ýolbaşçylygynda proteste çykan demokratiýanyň tarapdarlarynyň ählisiniň günäsi geçilýär.

Patyşa proteste gatnaşandygy üçin harby sudlara çekilýän asuda ýaşaýjylaryň graždan sudlara geçiriljekdigini hem mälim etdi.

Patyşa Hamadyň sözlerine görä, ol işden boşadylanlaryň we okuwdan çykarylan studentleriň problemasyny çözmek barada hem görkezme beripdir.

Mart aýynda Bahreýniň howpsuzlyk güýçleri Saud Arabystanynyň goşunynyň kömegi bilen paýtagt Manamanyň merkezindäki protestçileri dargatdylar.

Häkimiýetleriň maglumatyna görä, şol protestlerde 24 adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG