Sepleriň elýeterliligi

Bagdatdaky partlamada azyndan 28 adam öldi


Ýekşenbe güni agşam Bagdatdaky sünni metjidinde bolan partlamada azyndan 28 adam öldi. Olaryň arasynda parlamentiň deputaty Halid al-Fahdawi hem bar. Bu wakada onlarça adam ýaralandy.

Partlamanyň jogapkärçiligini entek hiç kim öz boýnuna almady.

Mundan öň BMG-niň Bagdatdaky wekili Ed Melkert Birleşen Ştatlaryň esgerleri ýurtdan çykarylandan soň Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň ýurtdaky ýagdaýlara gözegçilik edip biljegine şübhe bildirdi.

Melkert iki ýyl işledi, indi ol wezipesinden çekilýär.

Şu ýylyň dekabr aýyna çenli Amerikanyň ähli harbylarynyň Yragy terk etmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG