Sepleriň elýeterliligi

London: türkmen küştçüleri 11 medal gazandylar


Türkmenistanly küştçüler Londonda geçirilýän Intellektual oýunlaryň olimpiýadasynda 11 medal gazandylar.

15-nji gezek geçirilýän bu olimpiýadada sportuň 40 çemesi görnüşi boýunça bäsleşilýär. Türkmenistanlylar şaşka we küşt ýaryşlaryna gatnaşýarlar diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Türkmen küştçüleri 4 altyn, 2 kümüş we 5 bürünç medal aldylar.

Türkmenistanly küştçüler oktýabr aýynda Türkiýede geçiriljek ýaşlaryň Bütindünýä küşt olimpiýadasyna taýýarlyk görüp başlarlar.
XS
SM
MD
LG