Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet täjik-owgan serhedine gözegçilik etmek isleýär


Orsýetiň Neşe serişdelerine garşy göreş gullugynyň başlygy Wiktor Iwanow öz ýurdunyň serhetçileriniň täjik-owgan araçägine dolanmalydygyny aýtdy. Ol şeýle beýanaty öňem edipdi.

Ol duşenbe güni geçirilen metbugat konferensiýasynda: “Bu serhetde biziň esgerlerimiz gulluk edýärkä, her ýyl 5 tonna çemesi geroin ele salynýardy. Emma häzir bary-ýogy 200 kilogram” diýdi.

Iwanowyň pikiriçe, ors esgerleriniň bu serhede dolanmagy syýasy sowal bolup durýar we ol iki hökümetiň ylalaşygyna bagly.

Orsýetli serhetçiler täjik-owgan serhediniň goragyny 2005-nji ýylda Täjigistana tabşyrypdy.
XS
SM
MD
LG