Sepleriň elýeterliligi

Gurluşyga bagyşlanan sergi


“Türkmengurluşyk-2011” sergisinde, 25-nji awgust.

“Türkmengurluşyk-2011” sergisinde, 25-nji awgust.

25-nji awgustda Aşgabadyň Sergi köşgünde “Türkmengurluşyk-2011” atly halkara sergisi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly ylmy maslahat açyldy. Sergi köşgüniň iki gatynyň hem sergi zallary gurluşyk senagaty bilen bagly kompaniýalaryň stendleri bilen dolduryldy.

Sergi köşgüniň zallarynyň dolýan mahalyna seýrek duşmak bolýar. Köplenç halatda köşgüň birinji gaty boşrak bolýar. Sergi köşgüniň doly bolmagy ýurtda gurluşyk pudagynyň iň bir ýokary depginler bilen ösýän halk hojalygynyň pudagydygyny görkezýär.

Resmi maglumatlara görä, bu sergä dünýäniň 30 ýurdundan iri kompaniýalaryň we firmalaryň wekilleriniň 150-si gelipdir. Daniýadan, Gollandiýadan, Şweýsariýadan, Orsýetden, Ukrainadan, Singapurdan, Hindistandan, Türkiýeden we başga birnäçe ýurtlardan gelen kompaniýalar Aşgabadyň Sergi köşgünde öz stendlerini ýerleşdirdiler.

“Türkmengurluşyk-2011” sergisinde, 25-nji awgust.



Sergä gatnaşan kompaniýalaryň köpüsi öňden bäri ýurtda işläp ýören daşary ýurt kompaniýalary. Türkiýäniň “Polimeks”, “Gap inşaat”, “Rennesans” kompaniýalary, Fransiýanyň “Buig-Batiman”, “Winçi” kompaniýalary, Orsýetiň “Wozroždeniýe” ýaly gurluşyk kompaniýalary birnäçe ýyl bäri Türkmenistanda gurluşyk işlerini alyp barýarlar.

Türkmenistana ilkinji gezek gelen daşary ýurt kompaniýalary hem bar. Singapuryň “Hoýe Leong Korporeýşn”, Kuweýtiň “Kirby”, Polşanyň “Klingspor” kompaniýalary Türkmenistana ilkinji gezek gelen kompaniýalar.

Sergide türkmen gurluşyk kompniýalarynyň hem stendleri bar. Türkmen gurluşyk kompaniýalarynyň stendleri türk kompaniýalarynyňka çalym edýär. Bu ýagdaý entek türkmen kompaniýalarynyň öz stiliniň ýokdugyny görkezýär. Olaryň hödürleýän hyzmatlary hem türk kompaniýalarynyňkydan tapawutlanmaýar.

Ýöne, türkmen kompaniýalarynyň arasynda öz aýratynlygy bilen tapawutlanýan kompaniýalaryň stendleri hem bar. “Aýbölek” mebel fabrigi, dürli tehnikalary hödürleýän “Aýyd” kompaniýasy hem-de “Doganlar” hususy kompaniýasynyň stendleri muňa mysal bolup biler.

“Türkmengurluşyk-2011” sergisinde, 25-nji awgust.



Sergä gatnaşan 42 ýaşly gurluşykçy Aman Gurtnyýazow serginiň ähmiýeti barada şeýle gürrüň berdi:

—Sergide aýratyn bir stend goýup tapawutlanjak bolup durmagyň geregi ýok. Bu sergidäki kompaniýalaryň köpüsi öňden bäri işläp ýören kompaniýalar. Olar üçin öz hyzmatlaryny reklama etmegiň zerurlygy ýok. Sergä olar sergi zalyny doldurmak üçin mejbury gatnaşdyrylýar. Onsoňam, sergä gatnaşýan kompaniýalar serginiň dowamynda şertnama baglanyşylmaýandygyny bilýärler.

Sergä gatnaşmak üçin Marydan gelen gurluşykçy Pirnyýaz Agamyradow bu pikir bilen ylalaşmaýandygyny aýdyp, şeýle diýdi:

—Biziň kompaniýamyz üçin bu sergi täze partnýorlary tapmaga, öz ýerine ýetirýän hyzmatlarymyzy görkezmäge ýardam berýär. Ylaýta-da, şeýle sergiler bize daşary ýurt kompaniýalaryň gurluşykda ulanýan täze tehnologiýalary bilen tanyşmaga hem-de olar bilen özara bähbitli kontraktlary baglaşmaga mümkinçilik berýär.

3 gün dowam eden “Türkmengurluşyk-2011” atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat 27-nji awgustda öz işini tamamlady.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG